Guansi welaýatynda Günorta Hytaýyň ilkinji gidroakkumulýasiýa elektrik stansiýasy işe girizildi

Anna güni Günorta Hytaýda, Guansi-Çžuan awtonom etrabynda, Günorta Hytaýda ilkinji gidroakkumulýasiýa elektrik stansiýasynyň ilkinji iki energiýa blogy ulanyşa girizildi. Olar sagatda 500 müň kub metr suwuň energiýasyny 600 müň kilowat-sagat (kWt·sag) arassa elektrik energiýasyna öwürmäge ukyply bolup, bu bir gije-gündizde 100 müň hojalygy elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin ýeterlikdir.
Bu iki energiýa blogynyň işe girizilmegi Guansidäki energetika ulgamyna goşmaça 1,2 million kilowat düzgünleşdiriji kuwwat berer, şeýlelikde ýel we Gün energiýasynyň giň gerimde ulgama birikdirilmegini goldar hem-de arassa energiýanyň paýyny artdyrar.
Guansi welaýatynyň Nannin şäherinde ýerleşýän gidroakkumulýasiýa elektrik stansiýasynyň umumy maýa goýum möçberi takmynan 8 milliard ýuana (takmynan 1,14 milliard ABŞ dollary) barabar bolup, ol dört energiýa blogy bilen üpjün edilendir. Galan iki energiýa blogyny ýakyn wagtda ulanyşa girizmek meýilleşdirilýär.
«Gidroakkumulýasiýa elektrik stansiýasynyň ikinji tapgyryna degişli iki energiýa blogynyň bu aýyň ahyryna çenli doly ulanyşa girizilmegini üpjün etmek maksady bilen taýýarlygyň soňky tapgyryna geçdi. Gurluşyk doly tamamlanandan soň, stansiýa ýylda 2,5 milliard kilowat-sagada çenli arassa energiýa öndürip we iberip biler, şeýle hem kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny takmynan 2,2 million tonna azaldar», — diýip, Hytaýyň China Southern Power Grid kompaniýasynyň Nannin gidroakkumulýasiýa elektrik stansiýasy taslamasynyň departamentiniň baş müdiriniň orunbasary Daý Sýun aýtdy.
Gidroakkumulýasiýa elektrik stansiýasynyň iş ýörelgesi artykmaç elektrik energiýasyny peýdalanyp, suwy dagyň eteginden depesindäki suw howdanyna nasos arkaly geçirmekden ybaratdyr. Täzelenýän energiýanyň öndürilişi ýeterlik bolmadyk ýagdaýynda, toplanan suw aşaklygyna goýberilýär we suw turbinalaryň kömegi bilen elektrik energiýasy öndürilýär, şeýlelikde energiýa üpjünçiligi durnuklaşdyrylýar.
Uly energiýa banky ýaly işleýän bu stansiýa ýel, Gün we beýleki täzelenýän energiýa çeşmeleriniň elektrik toruna durnukly birikdirilmegine ýardam eder.
Häzirki wagta çenli Hytaýda gidroakkumulýasiýa elektrik stansiýalarynyň umumy gurlan kuwwaty 64 million kilowatdan geçdi, bu bolsa täze energiýanyň iri möçberli we ýokary hilli ösüşine ygtybarly goldaw berýär.







