Gündogar Hytaý etrabynda gyşlamak üçin 10 müňden gowrak ak guwlar geldi

Demirgazyk ýarymşarda howanyň sowamagy bilen ak guwlaryň uly toparlary has sowuk demirgazyk sebitlerden Gündogar Hytaýyň Szýansi welaýatynyň Nançan şäheriniň Szinsýan etrabyna gyşlamak üçin göçüp gelýärler.
Şu ýyl tebigy şertleriň gowulanmagy netijesinde etrabyň giň batgalyk meýdanlaryna 10 müňden gowrak ak guw gelip ýetdi diýip, ýerli tokaý hojalygynyň işgärleri habar berdiler.
Bu owadan guşlar bu täsin görnüşi synlamak we surata düşürmek isleýän köp sanly ornitologlaryň, ýerli ýaşaýjylaryň hem-de syýahatçylaryň ünsüni özüne çekdi.
«Men bu ýere guşlary surata düşürmek üçin 12 ýyl bäri yzygiderli gelýärin. Her ýyl guşlary surata düşürmek boýunça täsirlerim başgaça bolýar. Soňky ýyllarda Szinsýanda ekologiýa ulgamynyň ep-esli gowulandygyny we göçme guşlaryň görnüşleriniň köpelendigini duýýaryn. Bu üýtgeşmeler guşlar barada alada edýän we olary söýýän ähli adamlaryň tagallalarynyň netijesidir. Her gezek ajaýyp görnüşi görenimde, ruh halym özgerýär», — diýip ornitolog Fan Çžepin aýtdy.
Bu ýerden uzak bolmadyk Nançan şäherinde tebigy ylymlar boýunça bilim we ylmy wagyz-nesihat merkezi döredildi. Bu merkezde nusga eksponatlar, täsirli VR-çäreler we 3D wideo görkezilişler ýerleşdirildi.
«Şeýle täsirli tejribe diňe bir täze we gyzykly bolman, eýsem göçme guşlaryň ýaşaýyş ýerlerini goramagyň we tebigaty saklamagyň möhümdigine düşünjämizi hem has çuňlaşdyrýar», — diýip ýerli mekdep okuwçysy Lo Sansi aýtdy.







