Hytaýda demir ýollary arkaly halkara ýük daşamalary artýar

Şu ýylyň ýanwar aýyndan noýabr aýy aralygynda Hytaýyň demir ýollary arkaly jemi 3.727 milliard tonna ýük daşaldy, bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 2.7 göterim köpdür. Demir ýollary arkaly halkara ýük daşamalary hem ep-esli ösüş görkezdi. Bu barada hepdäniň anna güni Hytaýyň Demir ýollary edarasy habar berdi.
Berlen maglumatlara görä, agzalan döwruň dowamynda halkara ýük daşamalary üznüksiz amala aşyrylandyr. Üstümizdäki ýylyň ýanwar aýyndan noýabr aýy aralygynda ýük daşaýjy otlulary Hytaý-Ýewropa (Aziýa) ugry boýunça 31200 gatnawlary amala aşyrdy, bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 9 göterim köpdür.
Ýük daşaýjy otlulary noýabr aýynda Hytaý-Ýewropa aralygynda 1852 gatnawy amala aşyrdylar, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 21 göterim köpdür we bir aýyň çäginde taryhy iň ýokary görkezijidir.
Maglumatlara görä, Hytaý-Laos halkara demir ýollary arkaly jemi 4.98 million tonna ýük daşaldy, bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 15 göterim ýokarydyr.
Günbatardaky täze “gury ýer-deňiz” gatnaw ugry boýunça ýük otlulary arkaly 1.31 million sany konteýnerler daşaldy, bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 55 göterim köpdür.







