Hytaýyň beýik daglygynda intellektual hasaplaýyş merkezi işe girizildi

Hytaýyň Siçuan welaýatynyň beýik daglygynda ýerleşýän Lianhekou gidroelektrik stansiýasynda ilkinji intellektual hasaplama merkezi işe girizildi. Bu merkezde “Gündogar maglumatlary, Günbatar hasaplamalary” milli başlangyjy we ekologiýa taýdan arassa energetikasy utgaşdyrylýar hem-de gidroelektrik desgalarynyň tunelleri tebigy, hemişelik temperaturadaky maglumat merkezleri hökmünde ulanylýar.
Suwdan-günden elektrik energiýasyny öndürýän, dünýäniň iň uly daglyk elektrik stansiýasynyň goşmaça desgasynda ýerleşýän bu merkez energiýany örän az sarp edýär. Bu ýerde birbada alty sany hasaplama modullary işe girizildi. Häzirki wagtda bu merkezde, gündelik edara işleri üçin ulanylýan 240 million sany kompýuteriň hasaplama güýjüne deň bolan ýokary iş öndürijilik görkezilýär.
Hasaplama modullarynyň ählisi gidroelektrik stansiýasynyň tunelleriniň içinde gurnalandyr we bu ýerde howanyň temperaturasy daşardakydan has pes bolýar.
Tuneliň girelgesindäki howa termometri 8°C görkezýär. Gyşyna we ýazyna tuneliň içi sowuk we gurak bolýar, tomsuna hem howa gyzmaýar, bu bolsa intellektual hasaplama merkezinde energiýany tygşytlamaga kömek edýär.
Bu hasaplama merkezinde energiýany peýdaly ulanyş koeffisienti 1.2 derejeden aşakda saklanýar. Energiýany peýdaly ulanyş koeffisienti 1-e golaý bolsa, energiýanyň netijelili ulanylýandygyny we daşky gurşawa ýetirýän täsiriniň azdygyny görkezýändir.
Intellektual hasaplama merkeziniň sarp edýän her 1.2 kilowatt-sagat elektrik energiýasy üçin, diňe 0.2 kilowatt-sagat energiýa sowadyş we yşyklandyryş ýaly goşmaça zerurlyklar üçin ulanylýar, bu bolsa Hytaýda energiýany peýdaly ulanmaklygyň iň ýokary görkezijisidir.







