Sizang ýer titremesinden ejir çekenlere täze ýaşaýyş jaýlary berildi

Dekabr 20, 2025 | 19:20 |117
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Hytaýyň günorta-günbataryndaky Sizang awtonom welaýatynyň Dingri etrabynda bolup geçen ýer titremesinden ejir çekenler üçin täze ýaşaýyş jaýlary gurlup, ulanmaga berildi. Bu betbagtçylykly tebigy hadysadan zyýan çeken ýaşaýjylar häzirki gyş paslynda öz täze jaýlaryna ýuwaş-ýuwaşdan göçýärler.

Sizang welaýatynyň Sigaze şäher häkimliginiň beren maglumatyna görä, ýer titremesi netijesinde weýran bolan ýa-da zeper ýeten 32 500-den gowrak ýaşaýyş jaýlary dikeldildi we ejir çeken ýaşaýjylara berildi.

Şu ýylyň 7-nji ýanwarynda Dingri etrabynda we Sizang şäherinde 6.8 derejede ýer titremesi bolup geçdi.

Dingri etrabynyň Senga obasy bu ýer yranmasyndan iň agyr zyýan çeken ýerleriň biri boldy. Ýer yranmasyndan soň bu ýerde başyňy sokaýmaga diňe ýekeje öý galypdy, beýleki 126 hojalygyň jaýlary ýer bilen ýegsan edildi we olary durşuna täzeden dikeltmeli boldy.

Senga obasynyň ýaşaýjylaryna berlen täze jaýlarda rahat ýaşamak üçin zerur amatlyklar döredilendir.

“Ine görşüňiz ýaly, jaýyň daşynda sowukdan-yssydan goraýan gatlagy bar. Gyşyna öýüň içi diýseň ýyly, bu jaýa göçenime begenip, depäm göge ýetýär” diýip, Senga obasynyň ýaşaýjysy Taşi Lhunpo öz duýgusyny paýlaşýar.

Betbagtçylyklaryň öňüni almak, olaryň zyýanyny azaltmak we ýardam bermek boýunça Milli komitetiň ähli agza bölümleri bu tebigy betbagtçylygyň yzysüre Sizang welaýatyna zerur bolan ähli kömegi berdiler.

Weýran bolan jaýlary dikeldiş işlerine mart aýynyň başynda girişildi, iýun aýynyň başynda dikeldiş-gurluşyk işleri doly ýola goýuldy. Bu tagallalara jemi 134 sany kärhana we 60 000-den gowrak gurluşykçy gatnaşdy. Olar 47 sany şäherçede 1032 sany gurluşyk işlerini üstünlikli tamamladylar we “betbagtçylyk bolan ýylyň içinde täze öýlere göçmek” maksadyny amala aşyrdylar.

Dikeldiş-gurluşyk işleri ýedi etrabyň 486 sany obasynda alnyp barylsy, netijede 22 000-den gowrak jaý täzeden guruldy we ýene-de 10500 sany jaýyň binýady berkidildi. Ýer titremesinden ejir çeken ýaşaýjylaryň ilkinji topary özleriniň täze öýlerine awgust aýynda göçdi.

Beýleki habarlar