Diplomatlar Hytaýyň buz we gar syýahatçylyk pudagynyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Dürli ýurtlaryň diplomatlary Hytaýyň demirgazyk-gündogaryndaky Szilin welaýatyna üç günlük saparyň dowamynda ýurduň barha ösýän gyşky syýahatçylyk pudagynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar.
Hepdäniň penşenbe güni diplomatlar bu welaýatyň merkezi Çançun şäherinde geçirilen 9-njy Szilin halkara buz we gar syýahatçylyk pudagynyň sergisine baryp gördüler.
“Gar bilen baglanyşykly syýahatçylyk pudagynda tehnologiýanyň nähili ornaşdyrylýandygyny görüp, diýseň geň galdym. Mysal üçin, biz adatdan daşary ýagdaýlarda meseleleri çözmek üçin ulanylýan enjamlary we bu pudagy ösdürmekde nämeleriň oýlanyp tapylandygyny gözümiz bilen gördük. Bu şeýle gowy gurnalypdyr” - diýip, Nikaraguanyň Hytaýdaky ilçisi Ramiro Hose Kruz Flores pikirini paýlaşdy.
“Men ömrümde ilkinji gezek hakyky gary gördüm. Meniň özüm Karib deňziniň töwereklerinden, şonuň üçin hem men bular ýaly ýeri birinji gezek görýärin. Bu ýeri diýseň göwnümden turdy” - diýip, Surinam Respublikasynyň Hytaýdaky ilçisiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ýuandi Berrenşteýn gürrüň berdi.
“Şeýle owadan, şeýle gowy gurnalan. Özüm çagalygymdan garda lyžaly gezelenç etmegi halaýanym üçin, men muňa has gowy göz ýetirýärin. Men Şweýsariýada-da, Fransiýada-da lyžaly gezelenç edýärdim. Ol taýda howa bärdäkiden has sowuk. Bu ýerlerde lyžaly typmak diýseň gyzykly” diýip, Kolumbiýanyň Hytaýdaky ilçisi Serjio Kabrera aýtdy.
Pudakda geçirilen barlaglara görä, şu ýyl Hytaýyň buz we gar syýahatçylyk pudagynyň gymmatlyk möçberiniň bir trillion ýuana ýetmegine garaşylýar.
2024-2025-nji ýyllarda sportuň gyşky görnüşlerine we degişli oýunlara sarp edijiligiň möçberi 187.5 milliard ýuandan geçdi, bu bolsa ýyllyk 25 göterimden gowrak ösüşdir.







