Hytaýyň gazna gymmatlyklary 80 trillion ýuandan geçdi

Hytaýda maýa goýum gaznalarynyň jemi gymmatlyklary 80 trillion ýuandan (11.4 trillion ABŞ dollaryndan) geçdi. Hytaýyň Gymmatlyklary Dolandyryş Birleşmesiniň beren maglumatlaryna görä, üstümizdäki ýylyň üçünji çärýeginiň ahyryna, döwlet gaznalary, hususy gaznalar boyunca, şeýle hem gymmat bahaly kagyzlar we fýuçers guramalarynyň hususy gymmatlyklary dolandyryş önümleri boýunça umumy gymmatlyklaryň möçberi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 11 göterim artyp, 80 trillion ýuandan geçdi.
Döwlet gaznalarynyň gymmatlyklary 14.6 göterim artyp, 36.74 trillion ýuana ýetdi, hususy gaznalaryň gymmatlyklary bolsa 10.4 göterim ýokarlanyp, 22 trillion ýuana golaýlady. China Asset Management kompaniýasynyň baş strategi Sýuan Weý, döwlet gaznalarynyň artmagyny Hytaýyň ykdysady ösüşine maýadarlaryň ynamynyň ýokarylygy bilen düşündirdi. Onuň sözlerine görä, paýdarçylyk we indeks gaznalarynyň çalt ösmegi maýadarlara arzan bahaly, aç-açan we has netijeli mümkinçilikleri döredýär.
Döwlet gaznalarynyň arasynda paýdarçylyk maýalary 39.4 göterim bilen uly ösüş görkezdi. Garyşyk maýalar 15.1 göterim, pul bazarynyň maýalary 12.5 göterim we obligasiýa gaznalary 9.3 göterim ýokarlandy. Hususy eýeçilikdäki gymmat bahaly kagyzlar boýunça maýalar 32.3 göterim ösüş görkezdi, hususy paýdarçylyk 2.2 göterim, wençur maýa goýum gaznalary bolsa 6.3 göterim artdy.
StarRock Investment Management kompaniýasynyň başlygynyň orunbasary Ýang Lin düzgünleşdiriş çäreleriniň sanawa alnan kompaniýalaryň hilini we maýa goýum taýdan ynamy artdyrandygyny belläp, pes göterimli şertlerde paýdarçylyk gymmatlyklarynyň maýadarlarda has hem uly ynam döredýändigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, maýa bazarynyň ösüşi uzak möhletli we hünär taýdan kämil maýa goýumlaryna ýol açýar.







