Hytaý sanly adamyň ilkinji standartyny döretdi

Dekabr 20, 2025 | 20:10 |97
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýda sanly adamyň ýeke-täk ölçegleriniň ilkinji standarty, müşderi hyzmatlary babatynda edaralaryň ylmy-barlag, önümçilik we ulanylyş işlerine bildirilýän bitewi tehniki talaplary we baha beriş ölçeglerini üpjün edýär.

Müşderi hyzmatyndaky wirtual sanly adam, sanly tehnologiýanyň iň möhüm ugurlarynyň biri bolup, häzirki wagtda maliýe, hökümet işleri we bilim ýaly köp pudaklarda giňden ulanylýar.

Şu ýylyň 5-nji oktýabrynda çykarylan "Maglumat tehnologiýasy - Müşderi hyzmatyndaky wirtual sanly adam babatynda tehniki talaplar" atly standart, toplumlaýyn tehniki ulgamy hödürleýär.

Bu standart 2D ölçegli sanly adam awatarlarynyň ýüz aýratynlyklarynyň doly we aýdyň bermelidigini, 3D ölçegli has ýokary derejeli sanly adam görnüşlerinde bolsa kämil geometrik aýratynlyklary üpjün etmek üçin azyndan 200 000-den gowrak köpburçlugyň bolmalydygyny talap edýär.

Interaktiw işler üçin ses, el we beden hereketleri ýaly köpugurly özara gatnaşygy goldamagy we hyzmatyň üznüksiz kämilleşdirilmegini üpjün etmek üçin esasy sözleriň hem-de diliň yzygiderli täzelenmegi ýaly tehniki hyzmatlaryň bar bolmagy talap edilýär.

Standart sanly adamyň sözleýşi we dodak hereketleriniň arasyndaky takyk utgaşdyrmany üpjün etmek maksady bilen, dodak hereketleriniň takyklyk derejesini 90 göterimden az bolmadyk derejede kesgitleýär.

El, ýüz we beden hereketleriniň özara gatnaşygyny ýola goýmak üçin her biri ortaça 90 göterimden az bolmadyk derejede kesgitlenýär. Bu bolsa yşarat arkaly gepleşigi has tebigy edip görkezýär.

Şeýle hem, duýgy arkaly özara gatnaşyk etmek üçin 80 göterimden az bolmadyk derejede kesgitlenip, sanly adamynyň ulanyjydaky şatlyk, gynanç we howsala ýaly duýgulary anyk tanamagyny, beýan etmek hem-de gepleşikleri alyp barmak usullary arkaly degişli teswirleri bermegini talap edýär.

"Standart belli bir çäk bolup hyzmat edýär. Ähli sanly adam ugrunda işleýän kärhanalar onuň iň esasy talaplaryny berjaý eder diýip umyt edýäris. Sanly adam önümlerimiziň hili mundan beýläkde kämilleşende degişli tehniki görkezijilere bildirilýän talaplary ýokarlandyrmak üçin standarta öz wagtynda gaýtadan gararys" diýip, Hytaýyň Elektronikany Standartlaşdyrmak Institutynyň ýanyndaky sanly tehnologiýalar boýunça ylmy-barlag merkeziniň direktory Sun Çifeng habar berdi.

Beýleki habarlar