Hytaýda täze tapylan mineral, Ýeriň döreýşiniň syrlaryny açmaga kömek edip biler

Hytaýly geologlar düzüminde nikel – bismut – surma – myşýak sulfidi bolan täze mineral tapdylar. Bu açyş Ýeriň 4.6 milliard ýyllyk ewolýusiýasyna täzeçe garamaga hem-de geljekde materiallary öwreniş ylmynda gaty jisimleri ylmy taýdan has çuň öwrenmäge mümkinçilikleri berer. “Sinsiuite” diýip atlandyrylan täze mineral Hytaýyň Geologiýa Ylymlary Akademiýasynyň alymlary tarapyndan tapyldy we geçen aý Halkara Mineralogiýa Birleşmesi tarapyndan resmi taýdan tassyklanyldy.
Hünärmenleriň bellemegine görä, bu açyş materiallaryň emele gelşi baradaky düşünjeleri giňeldýän möhüm ylmy üstünlik bolup, özboluşly häsiýetlere eýe bolan täze materiallaryň sintez edilmegine ýol açyp biler. Akademiýanyň çuň ýerasty mineral gözlegleri boýunça ylmy-barlag bölüminiň müdiri Ýan Siaýun täze mineraly tebigatyň «dizaýn taslamasy» hökmünde häsiýetlendirdi.
Onuň aýtmagyna görä, mineralyň durnukly kristal gurluşy we özboluşly atom gurluşy milliardlarça ýyl dowam eden geohimiki ewolýusiýanyň dowamynda kemala gelipdir we bu aýratynlyklar has netijeli, durnukly hem-de tygşytly täze energiýa materiallaryny döretmek üçin ylham çeşmesi bolup biler. Şeýle-de “Sinsiuite” mineraly diňe bir inženerçilik taýdan ähmiýetli bolman, eýsem Ýeriň geologik taryhyny ýazga alýan möhüm «maglumat kody» bolup hyzmat edýär we elementleriň örän çylşyrymly şertlerde nähili özüni alyp barýandygyny görkezýär.
Ýan Siaýunyň sözlerine görä, täze minerallar ýokary takyklykdaky «wagt kapsulalary» hökmünde ýerli magdanlaryň emele geliş we ösüş tapgyrlaryny täzeden dikeltmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de olar Ýeriň çuň gatlaklarynyň tebigy görkezijileri bolup, planetamyzyň geçmişini, häzirki ýagdaýyny we geljekdäki ösüş ugruny has çuňňur öwrenmek üçin möhüm maglumatlary berýär.







