Halkara deňiz syýahatçylary Sanýa gümrük geçelgesinden 10 sekuntda geçýärler

Haýnan Erkin Söwda Portunda wizasyz giriş düzgünleriniň we migrasiýa amallarynyň ýeňilleşdirilmegi halkara deňiz syýahatçylaryna gümrük barlagyndan bary-ýogy 10 sekuntda geçmäge mümkinçilik berýär. Özüniň tutýan meýdany boýunça dünýäniň iň uly erkin söwda porty bolan Haýnan gümrük salgytsyz hem-de işewürlik üçin amatly şertleri hödürleýär. Häzirki wagtda 86 ýurtdan gelýän syýahatçylar Haýnan welaýatyna wizasız girip bilýärler.
Köpleriň halaýan dynç alyş şäheri bolan Sanyada migrasiýa işgärleri halkara deňiz gämileri duralga ýeten dessine münüp, zerur resminamalary öňünden taýýarlaýarlar, bu bolsa ýolagçylaryň çalt we bökdençsiz gämiden düşmegine mümkinçilik berýär. Filippinlerden we Argentinadan gelen syýahatçylar gümrük amallarynyň örän netijeliligini aýtdylar.
Noýabr aýynyň ahyrynda Bahama baýdagy astynda ýüzýän “Norwegian Spirit” deňiz syýahatçylyk gämisi Haýnan welaýatynyň iň uly halkara deňiz terminaly bolan Sanya Feniks deňiz portuna gelipdi. Migrasiýa işgärleriniň aýtmagyna görä, bu port 90 müň tonna çenli agramy bolan we 5 müň töweregi ýolagçyny hem-de ekipaž agzasyny alyp gelýän gämileri kabul edip bilýär. “Norwegian Spirit” gämisiniň ýolagçylarynyň 99 göterimi daşary ýurtlular bolup, olar Hytaýyň deňiz syýahatçylyk toparlary üçin göz öňünde tutulan 15 günlük wizasız syýahat etmek mümkinçiliginden peýdalandylar.
2006-njy ýyldan bäri 2 milliondan gowrak deňiz syýahatçylary bu terminalyň hyzmatyndan peýdalandylar. Häzirki wagtda adamyň ýüzüni tanamak tehnologiýasyna esaslanýan öňdebaryjy dolandyryş ulgamy arkaly ýolagçylaryň gaýtadan gämä münmegi we ýene ýola düşmegi has çalt amala aşyrylýar. Haýnan boýunça ýörite gümrük amallarynyň girizilmegi bilen, halkara syýahatçylar adanyň tebigy gözelliklerinden lezzet almak bilen bir hatarda, göni deňiz terminalynda salgytsyz söwda edip bilýärler.







