Ýetip gelýän täze ýyl baýramçylygy mynasybetli syýahatçylyk sargytlary köpelýär

Dekabr 19, 2025 | 20:15 |128
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Täze 2026-njy ýyl ýetip gelýär, bu baýramçylyga görülýän taýýarlyk işleri barha möwç alýar. Hytaýda sarp edijiligi höweslendirmäge gönükdirilen döwlet goldaw çäreleriniň netijesinde, syýahat maksady bilen ýol peteklerini we myhmanhana otaglaryny öňünden berkidip goýmak üçin sargytlaryň sany ep-esli artýar. Şu ýylyň 31-nji dekabry üçin ýolagçy otly petekleriniň satuwy çarşenbe güni başlady, 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwary üçin bolsa petekleriň satuwy penşenbe güni başlanar. “Umetrip” syýahat goşundysynyň maglumatlaryna görä, täze ýyl baýramçylygy üçin öňünden berkidilen ýolagçy otly petekleriniň sany geçen ýyl bilen deňeşdirilende 170 göterim töweregi ýokarlandy.

Gyşky dynç alyş möwsüminde garda-buzda gezelenç esasy syýahatçylyk ugurlarynyň birine öwrülip, dürli sebitlerde ýörite niýetlenen syýahatçylyk otlularynyň gatnawy ýola goýuldy. Pekin – Žansiakou ýokary tizlikli demir ýol gatnawlarynda ýolagçylara lyžada gezelenç ediş enjamlaryny ýanlaryna almaga rugsat berilýär hem-de olary saklamaga ýörite ýer berilýär.

Täze ýyl baýramçylygy döwründe syýahatçylaryň sanynyň artmagy sebäpli, Hytaýyň Sinszian Uýgur awtonom welaýatynda hem Urumçi-Altaý we Ýining ýaly gatnaw ugurlarynda goşmaça ýolagçy otlulary girizildi. Dekabr aýynyň başyndan bäri awiapeteklerini we myhmanhana otaglaryny öňünden berkitmeleriň sany barha artýar, umumy sargytlar we berkitmeler geçen ýyl bilen deňeşdirilende 30 göterim töweregi artdy. Şu ýylyň 17-nji dekabryna çenli 2026-njy ýylyň täze ýyl baýramçylygy üçin 1.76 milliondan gowrak içerki howa gatnawlary öňünden berkidildi, bu bolsa ýyllyk hasapda 46 göterim ýokarydyr.

Daşary ýurtlara syýahat etmek isleýänleriň sany hem köpelýär. Halkara uçuşlar üçin öňünden berkitmeler 40 göterimden gowrak artdy, şol sanda Ýewropa ýaly uzak aralyklar boýunça sargytlaryň köpelmegi dowam edýär.

Beýleki habarlar