Hytaýyň media topary Bahar baýramynyň konsert nyşany bilen tanyşdyrdy

Hepdäniň penşenbe güni Hytaýyň Media Topary 2026-njy ýylyň Bahar Baýramynyň konsertiniň dört sany nyşany bilen tanyşdyrdy. Ýetip gelýän At ýylynyň bu nyşanlary galjaňlygy we maksada okgunlylygy aňladýandyr. Hytaýyň Aý senenamasyna görä At ýyly 2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda başlanýar.
Hytaý medeniýetinde At – bu güýjüň, tutanýerliligiň we maksada okgunlylygyň nyşany hasaplanýar. Bu dört nyşanyň ady “Si Szi Çi Çeng” diýen atalar sözünden alnyp, “Çapar Atym, öňe badym” diýen manyny berýändir we ol baýramçylyk konsertiniň esasy şygary hasaplanýar. Nyşanlaryň keşbi Hytaý taryhynyň dürli döwürlerindäki at şekillerinden ylham alnyp döredilendir we olar bulut we ýyldyrym nagyşlary bilen bezelendir. Bu dizaýn täze ýylyň özgeriş we ösüş ruhuny şöhlelendirýär.
Gara reňkli Si aty, başyny belent tutup, özüniň edenliligini we maksada okgunly ruhuny görkezýär. Ganatlaryny gerip, Güne tarap uçup barýan Szi atly At, ösüşe ymtylyşy we öňegidişlik ruhuny alamatlandyrýar. Çi aty, özüniň daňylan guýrugy bilen ynamlylygy we rahatlygy aňladýandyr. Çeng aty bolsa dünýäde saklanyp galan ýeke-täk ýabany at görnüşi bolan Prževalski atyndan ylham alnyp döredilendir we adamzat bilen tebigatyň sazlaşykly ýaşaýşyny aňladýandyr.
Hytaýyň media topary tarapyndan 1983-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän Bahar baýramynyň konserti Hytaýyň Täze ýyl baýramçylygynyň aýrylmaz bölegi bolup, dünýäde iň köp tomaşa edilýän telewizion çäreleriň biri hasaplanýar. Çäräniň dowamynda dürli aýdymlar, tanslar we sahnalar ýerine ýetirilýär, operalar we halk eserlerinden çykyşlar görkezilýär.
2026-njy ýyldaky baýramçylyk konserti Hytaý Täze ýylynyň öňüsyrasynda – 16-njy fewralda ýaýlyma berler. Bahar Baýramynyň Gijesi 2026-njy ýylyň 16-njy fewralyna gabat gelýär.







