Gonkonga gelýän syýahatçylaryň sany 11 aýda 16 göterim artdy

Gonkong Syýahatçylyk Geňeşiniň duşenbe güni beren maglumatyna görä, Gonkong administratiw welaýatyna 2025-nji ýylyň ilkinji 11 aýynda 45 million töweregi syýahatçy gelipdir, bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 12 göterim köpdür. Şeýle-de bu görkeziji, Gonkonga tutuş 2024-nji ýylyň dowamynda gelen syýahatçylaryň umumy sanyndan hem ýokarydyr.
Şolardan 34.50 million töweregi syýahatçy ýurduň esasy böleginden gelipdir, bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 11 göterim köpdür. Berlen maglumatlara görä, başga ýerlerden gelen syýahatçylaryň sany geçen ýyl bilen deňeşdirilende 16 göterim artyp, takmynan 10 million adama barabar boldy.
Mundan başga-da, maglumatlara laýyklykda, şu ýylyň 11 aýynda gysga we uzak aralyklara amala aşyrylan syýahatlar 20 göterim töweregi ösüş görkezýär.







