Guansi şäherinde täze ýyl mynasybetli At şekili bilen bezelen harytlar köp satylýar

Dekabr 17, 2025 | 17:30 |112
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



2025-nji ýyl hem tamamlanyp barýar. Hytaýyň aý senenamasynda 2026-njy ýylyň täleýnama jandary bolan At şekili bilen bezelen dürli harytlar bazara çykarylyp başlandy we olar alyjylaryň söýgüsini gazanan ýörgünli harytlara öwrüldi.

Hytaýyň günortasynda ýerleşýän Guansi Žuan awtonom welaýatynyň Nanning şäherinde baýramçylyk äheňinde we häzirki zaman dizaýnynda bezelen gyzyl reňkli kagyz bukjalar, senenamalar, çyralar we kitapçalar satlyga çykaryldy.

“Işiňiz şowuna bolsun” we “Bagtyň çüwsün” ýaly özüne maýyl ediji ýazgylar bilen bezelen harytlary ýaşlar has hem gowy görüp, köp satyn alýarlar.

“Men At ýyly bilen baglanyşykly taýýarlanan diwar senenamalaryny, stolda goýulýan senenamalaryny görüp çykdym. Olaryň aýlawly çuň manysy bar, hem-de olar hakykatdanam ýetip gelýän täze ýyl baýramçylygyny ýatladyp, şähdiňi açýar” diýip, ýerli ýaşaýjylaryň biri öz pikirini paýlaşdy.

Hytaýyň aý senenamasynda ýyllaryň her biri aýlanyp duran çarhy pelegiň 12 sany täleýnama jandarlarynyň biri bilen aňladylýar, ýagny ýyllaryň her biri öz nobatynda Syçan, Öküz, Gaplaň, Towşan, Aždarha, Ýylan, At, Geçi, Maýmyn, Horaz, It we Doňuz atlary bilen aňladylýar.

Beýleki habarlar