Hytaýda täze pudaklar ynamly öňegidişlik görkezýär

Dekabr 16, 2025 | 18:35 |122
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýyň Milli statistika gullugynyň beren maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda Hytaýda täze dörän pudaklar has-da gurplandy, adaty senagat kärhanalary döwrebaplaşdyryldy we sanly ykdysadyýetde öňegidişlik gazanyldy.

Hepdäniň duşenbe güni Pekinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda Hytaýyň Milli statistika gullugynyň wekili Fu Linghui Hytaýda täze tehnologiýaly senagatyň ösüşiniň durnukly depgin bilen dowam edýändigini aýtdy. On bir aýyň dowamynda, ölçegden ýokary tehnologiýaly önümçilik kärhanalarynyň öndürijiligi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 9.2 göterim, öňdebaryjy tehnologiýaly sarp ediş enjamlaryny öndürýän senagat bolsa 7.6 göterim ýokarlandy.

Emeli intellekt we ornaşdyrylan intellekt ýaly öňdebaryjy tehnologiýalarda gazanylan täze üstünlikler senagatyň döwrebaplaşdyrylmagyny has-da çaltlaşdyrdy. Senagat robotlarynyň, önümçiligi dolandyryş kompýuterleriniň we pudaga degişli önümleriň önümçiligi ýokary ösüş derejesini görkezdi.

“Üstümizdäki ýylyň ýanwar-noýabr aýlary aralygynda serwerleriň önümçiligi 15.1 göterim, integral shemalaryňky bolsa 10.6 göterim ýokarlandy, täze sanly sarp ediş görnüşleriniň we işewürlik modelleriniň giňelmegi onlaýn sarp edişiň durnukly ösüşine itergi berdi” diýip, Fu Linghuei belledi.

Şonuň ýaly-da, täze çig mallary gaýtadan işlemek we öndürmek pudaklarynda hem ýokary ösüş gazanyldy. Bioýangyçlary gaýtadan işleýän pudakda goşmaça baha möçberi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 15.6%, biomateriallar pudagynda bolsa 29% ýokarlandy.

“Özgerişlikleriň we döwrebaplaşdyrmalaryň netijesinde kömür we himiýa pudaklary özüniň önümçilik kuwwatyny we tehnologiýa derejesini yzygiderli ýokarlandyrdylar. Ýylyň başyndan bäri kömür pudagynda goşmaça baha geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6.3% we himiýa pudagynda goşmaça baha 7.8% ýokarlandy” diýip, Fu Linghuei aýtdy.

Beýleki habarlar