Hytaýyň sanly önüm öndürýän pudagy uly öňegidişlik görkezdi

Dekabr 16, 2025 | 18:30 |125
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Hytaýyň sanly önüm öndürýän pudagynda 2025-nji ýylyň ilkinji 11 aýynda uly öňegidişlik gazanyldy, bu gerimi barha giňeýän sanly ykdysadyýetiň täze hilli önümçilik güýçleriniň ösýändigini görkezýändir.

Pudakda sanly önüm öndürýän kärhanalaryň önümleriniň goşmaça bahasy geçen ýyl bilen deňeşdirilende 9.3%, maglumat hyzmatlarynyň önümçiliginiň 11.3% . serwer önümçiligi 15.1%, integral mikroshemalar bolsa 10.6% ösendigi barada Hytaýyň Milli statistika gullugynyň wekili Fu Linghuei habar berdi.

Emeli aň we ornaşdyrylan emeli aňly öňdebaryjy tehnologiýalar ugurlarynda öňegidişlikler senagatyň döwrebaplaşdyrylmagyny çaltlaşdyrýar.

Ýokary tehnologiýaly önümçilik 9.2% ösdi. Intelektual sarp ediş enjamlarynyň önümçiligi 7.6 göterim, senagat robotlarynyň önümçiligi 29.2 göterim, önümçilik dolandyryş ulgamlarynyň we kompýuterleriň önümçiligi bolsa 87.6 göterim artdy. Esasy işinden gelýän ýyllyk girdejisi 20 million ýuan (2.84 million ABŞ dollary) ýa-da ondan köp bolan kärhanalar bellenen ölçegden ýokary bolan senagat kärhanalary hasaplanýar.

Beýleki habarlar