Hytaýyň ýokary tizlikli otlulary demir ýol ulgamynda öňdebaryjy orny eýeleýär

Hytaýyň sagatda 350km tizlik bilen hereket edýän Fusin Hao ýokary tizlikli otlulary ýurduň içinde syýahatçylygyň ösmegine itergi berýär we dünýäde demir ýol ulgamynda innowasiýaslary öňe sürýär. Ýurduň ýokary tizlikli demir ýol ulgamy häzirki wagtda 47000 kilometre uzap, diňe şu ýyl bahar baýramynyň gyzgalaňly döwründe 500 milliondan gowrak ýolagça hyzmat etdi. Şol döwürde her gün ýurduň içinde 14 müňden gowrak otlular adamlary gatnatdylar.
Jakarta-Bandung aralygynda gatnaýan otlulara kybapdaş, daşky görnüşi Aždarhanyň keşbini ýatladýan otlular ýerli medeniýetiň aýratynlaryny dünýä ýaýmak üçin niýetlenendir. Her bir otluda 2000-e golaý sensor bar, bu bolsa emeli intellekt bilen işleýän “sanly ekiz” ulgamy arkaly otludaky ýagdaýlara edil şu wagt gözegçilik etmeklige mümkinçilik berýär.
“Sensorlaryň sanynyň köpeldilmegi gözegçilik mümkinçiligini has-da artdyrýar, bu bolsa otlynyň ýagdaýyny has içgin bilmek we gözegçilikde saklamakdyr” diýip, Hytaýyň döwlet eýeçiligindäki otly öndüriji kärhanasy bolan CRRC-niň tehniki bilermeni Lin Peng düşündirdi.
“Hytaý häzirki wagtda sanly ulgam özgerişliklerini geçirýär, 5G, emeli intellekte we BeiDou nawigasiýa ulgamyna uly üns berýär. Ýurduň demir ýollary geljekki hereketliligiň hakyky barlaghanasyna öwrüldi. Biz “Adore” tormoz ulgamlaryndan edil şu wagt alnan maglumatlaryny işläp, tehniki hyzmaty meýilleşdirmek, iş wagtyny azaltmak we howpsuzlygy ýokarlandyrmak üçin emeli intellektden peýdalanýarys” diýip, Germaniýanyň Knorr-Bremse kompaniýasynyň Aziýa-Ýuwaş umman şahamçasynyň Dolandyryş Geňeşiniň agzasy Jonatan Paddison aýtdy.
Buzly demirgazyk-gündogardan tropiki Haýnana çenli gatnaýan her bir ýokary tizlikli Fusin Hao otlusy daşky gurşawyň talaplaryna laýyklykda öndürilendir, bu bolsa Hytaýyň ýokary tizlikli demir ýolunyň islendik howa şertlerinde birkemsiz işlemegine mümkinçilik berýär.







