Hytaý soňky bäş ýylda 31 million gektara golaý oba hojalyk ýerlerini özleşdirdi

Dekabr 16, 2025 | 18:20 |126
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýyň Oba hojalyk we oba ýerlerini ösdüriş ministrliginiň maglumatlaryna görä, Hytaý 2021-nji – 2025-nji ýyllary öz içine alýan 14-nji bäş ýyllyk maksatnamanyň dowamynda 460 million mu (30.67 million gektar töweregi) ýokary derejeli oba hojalyk ýerlerini özleşdirdi we döwrebaplaşdyrdy, bu öňegidişlik merkezi häkimiýet tarapyndan goýberilen 700 milliard ýuandan (99.26 milliard ABŞ dollaryndan) gowrak maliýe goldawynyň hasabyna gazanyldy.

Oba hojalyk meýdanlarynda häzirki zaman suwaryş ulgamy, suwuň netijeli ulanyş usullary ýola goýlan, gurakçylyga we sil suwlaryna garşy zerur çäreler görülen. Ýerleri özleşdiriş işlerinde Hytaýyň demirgazyk-gündogaryndaky gara toprakly meýdanlar, esasy düzlükler we hasyllylygy ýokary bolan ýerler ileri tutuldy.

Oba hojalyk we oba ýerlerini ösdüriş ministrliginiň ýolbaşçylygynda ýerli häkimiýetler ekin meýdanlaryny tekizleýiş, suwaryş we ýol ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem topragyň hilini gowulandyrmak üçin uly tagallalar etdiler.

Netijede, döwrebaplaşdyrylan oba hojalyk ýerlerinde häzirki wagtda her ösüş möwsüminde gektardan 7.5 tonna hasyl alynýar, bu bolsa önümçiligi we howanyň üýtgemegine durnuklylygy ýokarlandyrýar.

Geljekde oba hojalyk ýerlerini yzygiderli kämilleşdirmek Hytaýyň däne öndürmek mümkinçiligini has-da artdyrmagyna, oba hojalyk işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyna hem-de howanyň üýtgemegine we artýan islege garamazdan uzak möhletli milli azyk howpsuzlygyny üpjün etmeklige goldaw berer diýlip, garaşylýar.

Beýleki habarlar