Hytaýda bölek söwdanyň möçberi ýylyň 11 aýynda 4 göterim ýokarlandy

Dekabr 16, 2025 | 18:20 |123
CCTV logo
Çeşme: cctv.com

 


Hepdäniň şenbe güni çap edilen resmi maglumatlara görä, Hytaýyň sarp ediş harytlarynyň bölek satuwy 2025-nji ýylyň ilkinji 11 aýynda ýyllyk 4% ösüp, 45.61 trillion ýuana (6.45 trillion ABŞ dollaryna) ýetdi.

Hytaýyň Milli Statistika gullugynyň wekili Fu Linguei noýabr aýynda bazardaky satuwlaryň möçberiniň has-da ýokarlanandygyny, hyzmatlaryň söwdasynyň işjeňleşendigini belledi. Üstümizdäki ýylyň ýanwar aýyndan noýabr aýyna çenli hyzmatlar söwdasynyň bölek satuwy ýyllyk 5.4% ýokarlandy we bassyr üç aý haryt söwdasynyň möçberinden ýokary boldy.

Medeni, sport we dynç alyş hyzmatlarynda bölek satuwy durnukly ösüşini saklady. Maddy harytlaryň onlaýn bölek satuwy 5.7% ýokarlandy we umumy bölek satuwyň 25.9 göterimini düzdi, bu ösüş sanly ulgam hyzmatlarynyň, ekologiýa taýdan arassa - daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän harytlaryň we hyzmatlaryň söwdasynyň artmagynyň hem-de saglygy goraýyş boýunça sarp edijiligiň ýokarlanmagynyň netijesinde gazanyldy.

Fu Linguei durnukly ösüşi içerki bazardaky islegiň artmagy bilen, esasan hem öý-hojalyk we telekommunikasiýa enjamlarynyň satuwynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşdyrdy.

Beýleki habarlar