Hytaý däne önümçiligini artdyrmak üçin oba hojalyk tehnikalarynyň innowasiýasyny öňe sürýär

Öňdebaryjy tehnologiýaly tehnikalar Hytaýyň oba hojalyk önümçiliginiň ösüşinde möhüm orny eýeläp, bol hasyl almaga mümkinçilik berýär.
Demirgazyk-gündogar Hytaýyň Heilonsian welaýatynda ýerleşýän Jiamusi Jichi traktor öndürýän kärhanasy, täze ýylyň öňüsyrasynda eltip gowşurylmaly traktorlaryň önümçiligini batly depginde alyp barýar. Şol bir wagtyň özünde hem traktorlaryň täze modellerini taýýarlamak boýunça işleri geçirýär. “Häzirki wagtda bu kärhanada iş öndürijiligi ýokary bolan, ekologiýa taýdan arassa we oňaýly dolandyrylyşy bilen tapawutlanýan, agyr oba hojalyk işlerine niýetlenen 400 at güýçli gibrid hereketlendirijili, tehnikanyň birsydyrgyn tizlenmesini we tizliginiň üznüksiz saklanmagyny üpjün edýän dişsiz transmissiýasy bolan traktory işläp taýýarlaýar diýip, ylmy-barlaglar we ösüş boýunça menejeri Ýang Haiýan aýtdy.
Tehnikalaryň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, bu kompaniýa Harbin Inženerçilik uniwersitetiniň hem-de Harbin Ylym we Tehnologiýa uniwersitetiniň ylmy-barlaglar we ösüş toparlary bilen elektron dolandyryş ulgamlary we energiýany dolandyryş boýunça hyzmatdaşlyk edýär. Şeýle hem tehnikalaryň esasy şaýlarynyň hiliniň ýokary bolmagyny gazanmak maksady bilen öňdebaryjy şaý üpjün edijileri bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
Heilonsian welaýatynda öňdebaryjy tehnologiýaly oba hojalyk tehnikalarynyň esasy merkezleriniň biri bolan Jiamusi şäherinde 53 sany oba hojalyk tehnikalaryny öndürýän kärhana ýerleşýär. Olaryň 23-si iri kärhanalar bolup, olar esasy şaýlardan başlap, tehnikalaryň doly gutarnykly önümçiligine çenli üznüksiz önümçilik zynjyryny emele getirýär. “Jiamuside içerki oba hojalyk tehnikalary bazaryň 90 göteriminden gowragyny eýeleýär” diýip, Oba hojalyk we oba ýerlerini ösdürüş boýunça Jiamusi şahamçasynyň wekili Şi Ýufeng aýtdy.
Oba hojalyk işlerinde tehnikalaryň köp ulanylmagy el güýjüne bolan zerurlygy azaltmak bilen bir hatarda, önümçiligiň netijeliligini hem artdyrdy. 2025-nji ýylda Heilonsian welaýatynda ýaz ekiş işleri üçin 187 müň sany ýokary öndürijilikli ekiş tehnikalary ulanyldy, bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 15 müňe artdy. Ekijiler tarapyndan örtülen meýdan 9.13 million gektara ýetip, bu bolsa öňki ýyl bilen deňeşdirilende 513 müň gektar köp bolup, dänäniň umumy öndürijiliginiň ýokarlanmagyna getirdi.







