“Hytaýda söwda etmek” syýahatçylarda uly gyzyklanma döredýär

“Hytaýda söwda etmek” daşary ýurtly syýahatçylaryň arasynda barha ýoň bolup barýar. Munuň sebäbi daşary ýurtly raýatlar ýurtdan çykanlarynda salgydy yzyna gaýtaryp bermek düzgüniniň ýeňilleşdirmegidir, bu bolsa daşary ýurtly myhmanlary amatly söwda etmeklige höweslendirýär.
Hytaýyň baý medeni mirasyny, dürli tebigy gözelliklerini we gelim-gidimli şäherlerini synlamak bilen bir hatarda, daşary ýurtly syýahatçylar ýurtdaky harytlaryň amatly bahalaryna, ýokary hilli önümlerine we giň söwda mümkinçiliklerine hem uly gyzyklanma bildirýärler. Üstümizdäki ýylyň aprel aýyndan bäri Hytaýda birnäçe täze çäreler durmuşa geçirilip, Pekin, Şanhaý, Çunsin, Çendu we Guançžou ýaly iri şäherleriň söwda merkezlerinde dessine salgyt yzyna gaýtaryş nokatlary açyldy. Şeýle-de Şanhaý we Hançžou şäherlerinde bu ugurda onlaýn hyzmatlary girizilip, salgydy yzyna gaýtaryş amaly has tizleşdirildi.
Ýurtdan çykylanda salgydy yzyna gaýtaryş nokatlarynyň sany noýabr aýynyň ahyrynda ýurt boýunça 12 252 sana ýetdi, olaryň 7 müňden gowragy söwda edilen pursatynda salgydy dessine yzyna gaýtaryş hyzmatlaryny hödürleýär. Wiza ýeňillikleri, daşary ýurtly myhmanlar üçin ýurtda galmagyň möhletiniň uzaldylmagy, daşary ýurtlardan gelýän syýahatçylaryň sanynyň artmagyna hem-de içerki bazarda sarp edijiligiň ösmegine itergi berýär.
Bu düzgünleriň we çäreleriň netijesi Şenžen şäheriniň Huaçýanbey etrabynda has-da aýdyň görünýär. Elektron enjamlarynyň şaýlary we abzallary öndürilýän bu etrapda ýylyň birinji ýarymynda her gün ortaça 7 müňden gowrak daşary ýurtly syýahatçylar hasaba alyndy, bu görkeziji 2024-nji ýyldakydan iki esse köpdür. Döwlet salgyt gullugynyň berýän maglumatlaryna görä, ýylyň ilkinji 11 aýynda Hytaýdan daşyna çykylanda salgydy yzyna gaýtaryp almak üçin ýüz tutan daşary ýurtly syýahatçylaryň sany geçen ýyl bilen deňeşdirilende 285 göterim ýokarlandy. Şol döwürde salgydy yzyna gaýtarmaga degişli harytlaryň satuw möçberi hem-de yzyna gaýtarylan serişdeleriň möçberi 98.8 göterim artdy.







