Hytaýyň “Szýutýan” uçarmansyz uçuş enjamy ilkinji uçuşyny amala aşyrdy — onuň ulanylyş mümkinçilikleri giňdir

Dekabr 14, 2025 | 19:30 |117
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


 

Hytaýyň iri ölçegli “Szýutýan” ("Jiutian") atly uçarmansyz uçuş enjamy ilkinji uçuşyny üstünlikli amala aşyrdy. Bu barada işläp düzüji kompaniýa — Hytaýyň Awiasiýa Senagaty Korporasiýasy (AVIC) habar berdi.


Dron Hytaýda ýygnaldy. Onuň uzynlygy 16,35 metre, ganat gerimi bolsa 25 metre ýetýär. Synag uçuşy ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Şensi welaýatynyň Puçen şäherinde geçirildi.


Enjamyň tehniki aýratynlyklary täsir galdyrýar. Iň ýokary uçuş agramy 16 tonna ýetýär, ýük göterijiligi bolsa 6 müň kilogramdyr. AVIC-iň maglumatlaryna görä, uçarmansyz uçuş enjamy howada 12 sagada çenli bolup bilýär. Onuň uçuş aralygy 7 müň kilometre barabardyr.


Dron ilkinji gezek 2024-nji ýylda Hytaýyň 15-nji Halkara awiasiýa-kosmos sergisinde görkezildi. Enjamyň esasy aýratynlygy — fýuzelýažda ýerleşýän izomer moduldyr. Oňa dürli enjamlary gurnamak bolýar, bu bolsa uçarmansyz uçuş enjamyny dürli wezipelerde ulanmagyň mümkinçiligini döredýär.


Ýük göteriji modully ulgam drony köptaraplaýyn edýär. Ol uzak sebitlere agyr ýükleri takyk eltmäge ukyplydyr. Mundan başga-da, ol adatdan daşary ýagdaýlarda aragatnaşyk üpjün etmek we tebigy betbagtçylyklar wagty kömek bermek üçin ulanylyp bilner. Şeýle hem enjam ýer ölçeg işlerinde we tebigy baýlyklary kartografik taýdan öwrenmekde peýdalanylýar.


Harby bilermen Du Wenlun dronyň ýokary söweş mümkinçiliklerini belledi. Onuň sözlerine görä, zerur enjamlar bilen üpjün edilenden soň, uçarmansyz uçuş enjamy artilleriýa uçary ýa-da birleşdirilen uçuş enjamy hökmünde işleýär. Şeýlelikde, ol bir wagtda gözleg, garşylyk görkezmek we zarba bermek wezipelerini ýerine ýetirýär.


“Szýutýan” dronynyň üstünlikli işlenip düzülmegi Hytaýyň agyr uçarmansyz uçuş enjamlary bazaryndaky möhüm boşlugy doldurdy. Bilermenleriň pikirine görä, bu milli awiasiýa senagaty üçin täze mümkinçilikleri açýar. Şeýle hem bu üstünlik strategik taýdan uly ähmiýete eýe bolup, Hytaýyň ýokary tehnologiýaly enjamlaryň dünýä bazaryndaky ornuny pugtalandyrýar.

Beýleki habarlar