Meýletinçiler mümkinçilikleri çäkli adamlaryň oýunlarynda kör futbolçylara nähili goldaw berýärler

Dekabr 14, 2025 | 19:20 |93
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


 

Mümkinçiligi çäkli adamlar üçin 12-nji Milli oýunlarda we 9-njy Milli ýörite Olimpiýa oýunlarynda meýletinçiler iş alyp barýarlar. Bu giň möçberli ýaryşlary Guandun, Gonkong we Makao welaýatlary bilelikde geçirýärler.


Uniwersitetli meýletinçiler kör futbolçylara kömek edýärler. Köpüsi üçin bu iş aňsat bolmasa-da, örän ähmiýetlidir.


Guandunly talyp Kong Sýançži körler futboly boýunça duşuşyklarda top beriji bolup işleýär. Bu wezipe aýratyn ünsli bolmagy we seresaplylygy talap edýär.


«Biz hemişe topuň hereket ugruna gözegçilik etmeli bolýarys, — diýip Kong düşündirýär. — Eger top meýdançadan çyksa we dessine yzyna gaýtarylmasa, bu tutuş oýnuň haýallamagyna sebäp bolýar».


Körler futbolynda içinde jaňjagaz ýerleşdirilen top ulanylýar. Oýunçylar diňe ses arkaly ugruny anyklaýarlar we derwezä zarba urýarlar.


«Topy alyp çykanymyzda jaňjagaz gaty ses çykarmaly däl, — diýip Kong dowam edýär. — Ýogsam bu türgenlere päsgel berer. Şonuň üçin biz topy berk saklamaga çalyşýarys».


Başga bir meýletinçi — Sinhaý saz konserwatoriýasynyň talyby Çžan In. Ol futbolçylara oýnuň öňüsyrasynda gorag maskalaryny dakynmaga kömek edýär.


Meýletinçileriň öňünde iki wezipe durýar: 10 minudyň dowamynda 10 oýunça maska geýdirmeli. Şol bir wagtyň özünde her türgeniň ýagdaýyny aýratynlykda göz öňünde tutmak zerurdyr.


«Eger oýunçy tolgunýan bolsa, biz ony ýuwaşlyk bilen köşeşdirýäris, — diýip Çžan gürrüň berýär. — Eger türgeniň ýüzünde öňden şikesler bar bolsa, aýratyn seresaplylyk bilen hereket edýäris».


Çžan şeýle täsirli pursaty ýatlaýar: «Käbir türgenler meniň sesimi ýatlaýandyklaryny we munuň öňki oýunda olara kömek edendigini aýdýarlar. Şonda meniň maňa ynanýandyklaryny we ýatda saklandyklaryny duýýaryn. Bu örän ýakymly duýgy».


Çžanyň sözlerine görä, maýyplygy bolan adamlaryň gatnaşýan oýunlarynda meýletinçi bolup işlemek örän gymmatly tejribedir.


«Türgenleriň çydamlylygy we göreşjeň ruhy meni örän tolgundyrýar, — diýip ol belleýär. — Olar kynçylyklara tutanýerli garşy durup, soňuna çenli göreşmegi başarýarlar. Bu bolsa biz, meýletinçiler üçin örän ruhlandyryjydyr».


Oýunlar 15-nji dekabra çenli dowam eder. Maksatnamada maýyplygyň dört görnüşi boýunça — fiziki, görüş, eşidiş we intellektual ugurlar boýunça 40 ýaryş bar. Ýaryşlara ýurduň ähli künjeginden 34 wekiliýetiniň 7 müň 824 türgeni gatnaşýar.

Beýleki habarlar