Bilermenler: Syýasaty utgaşdyrmak Hytaýyň 2026-njy ýylda hil taýdan ösüş strategiýasynyň esasy bölegidir

Hytaýyň geljek ýylky ykdysady işlerde “hili ýokarlandyrmak we netijeliligi artdyrmak” maksadyna ýetmek üçin has güýçli pudagara utgaşdyrma we kämilleşdirilen düzgünleşdiriji çäreleri talap etjekdigini bilermenler aýdýarlar.
Golaýda Pekinde geçirilen Merkezi Ykdysady Iş Maslahatynda 2026-njy ýylda ykdysady işleriň ileri tutulýan ugurlary kesgitlendi hem-de hili we netijeliligi ýokarlandyrmak bilen birlikde “durnuklylygy saklamak bilen öňegidişligi gazanmak” ýörelgesine eýermeklige çagyryldy.
Merchants Union Consumer Finance edarasynyň, ýagny Söwdagärler birleşiginiň sarp edijiler maliýesi edarasynyň baş ylmy işgäri Dong Şimiao şeýle çemeleşme ösüşiň netijeliligine uly üns berilýändigini görkezýändigini we şol bir wagtyň özünde oňaýly ösüşi saklaýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol 2026-njy ýyl 15-nji bäş ýyllyk maksatnamanyň (2026–2030) ilkinji ýyly bolany üçin, geljekki bäş ýylyň dowamynda öňegidişlige gönükdirilen makroykdysady syýasatyň ösüş depginini batlandyrmagyna garaşylýandygyny belledi.
“China International Capital Corporation” edarasynyň baş makroykdysadyýetçisi Žan Wenlang bu çemeleşmäniň adaty we innowasion gurallary, şeýle hem yzygiderli özgertmelere gönükdirilen çäreleri utgaşdyryp, maliýe, pul we pudak babatyndaky düzgünleri sazlaşykly alyp barmaklygy talap edýändigini aýtdy.
Bu maslahatda şeýle hem makro syýasatyň yzygiderliligini we netijeliligini ýokarlandyrmak üçin hereket edýän we täze giriziljek düzgünleriň birleşdirilmegine üns berildi. Dong Şimiao Hytaýyň indiki ýyl has işjeň maliýe syýasatyny we ortaça oňaýly pul syýasatyny dowam etdirjekdigini, şol bir wagtyň özünde iş bilen üpjünçiligi, işewürligi, bazarlary we garaşylýan netijeleri sazlaşdyrmak maksady bilen bu ugurda syýasaty utgaşdyrmagyň güýçlendirjekdigini belledi.







