Hytaýda uzak möhletli sarp edijiligi ösdürmek üçin maýa goýumlary möhümdir

Dekabr 13, 2025 | 19:00 |100
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Hytaýyň içerki bazarynda sarp edijiligiň ösdürilmegi tapgyrlaýyn amala aşyrylar we maýa goýumlary ykdysady ösüşiň esasy itergi beriji güýji bolmagynda galar diýip, penşenbe güni Pekinde geçirilen uly syýasy geňeşme tamamlanandan soň ýerli ykdysatçy öz pikirini paýlaşdy.


Golaýda Pekin şäherinde Merkezi Ykdysady Iş Maslahaty geçirildi we onuň dowamynda Hytaýyň döwlet ýolbaşçylary tarapyndan 2026-njy ýylda ykdysady işleriň ileri tutulýan ugurlary kesgitlendi.


Maslahatda sarp edijiligi höweslendirmek we ösdürmek üçin ýörite tutumlaryň öňe sürülmelidigi we ýokary hilli sarp ediş harytlarynyň we hyzmatlarynyň üpjünçiliginiň giňeldilmelidigi bellendi. Şeýle hem sarp ediş pudagynda zerur bolmadyk çäklendirmeleriň aradan aýrylmalydygy we hyzmatlardan peýdalanmak mümkinçilikleriniň has-da giňeldilmelidigi hakynda aýdyldy.


Hytaýyň Maliýe ylymlary akademiýasynyň makroykdysady ylmy-barlag merkeziniň direktory Şi Ýingua, sarp edijiligiň ösmegi üçin tagallalary dowamly alyp barmagyň wajypdygyny aýtdy.


“Hytaý döwletiniň ägirt uly ykdysadyýeti bar we bu ýerde maýa goýumlarynyň ähmiýeti örän uludyr. Şeýle-de bolsa sarp edijilikde öňegidişlik henizem haýal: ony gysga möhletiň içinde ösdürip bolardy, ýöne şeýle ýagdaýda ol garaşylan netijäni bermezligi mümkin. Şol sebäpli hem sarp edijiligi ösdürmek üçin belli bir wagt gerek bolar. Hytaýda öý hojalyklarynyň sarp edijilik derejesi kem-kemden ýokarlanýar we milli girdejileriň paýlanyşy yzygiderli sazlanýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Beýleki habarlar