2025-nji ýylda Hytaýyň däne önümçiligi 714 million tonnadan geçdi

Hytaý döwleti 2025-nji ýylda däne önümçiliginde ýene-de bol hasyl gazanyp, jemi öndürilen dänäniň möçberini rekord dereje bolan 714.88 million tonna ýetirdi. Bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 1.2 göterim artdy diýip, Döwlet statistika müdirligi habar berdi.
Hytaýyň Oba hojalygy we oba ýerlerini ösdüriş ministrliginiň Ekin önümçiligi bölüminiň müdiriniň orunbasary Liu Siutaonyň aýtmagyna görä, ekiş meýdanlarynyň giňelmegi hem-de her birlikden alnan hasylyň ýokarlanmagy esasynda şeýle ösüş gazanyldy. Däne ekilýän meýdanlary bassyr alty ýyl bäri yzygiderli giňäp gelýär, şol sanda ýokary hasyl berýän mekgejöweniň meýdany 3.3 million mu (220 müň gektar) töweregi köpeldi.
Şonuň ýaly-da Hytaý döwleti 702 sany etrapda soýa we ýag beriji ekinleriň önümçiligini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri güýçlendirdi. Ýerleriň, tohumlaryň, tehnikanyň we ekiş usullarynyň utgaşdyrylmagy önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrdy hem-de yzygiderli ösüş gazanmaklyga mümkinçilik berdi.
Ýurt boýunça 88 million mu-dan (5.87 million gektardan) gowrak meýdanda suw we dökünleri toplumlaýyn dolandyrmak ulgamy ornaşdyryldy. Demirgazyk-gündogarda 89 million mu (5.92 million gektar) meýdanda gür ekişler geçirildi. Huang-Huai-Hai welaýatynda guraklyga we kesellere çydamly görnüşler ekilip, her mu meýdanda ösümlik sany 200-den 500-e çenli köpeldildi. Günortada şaly ekiş meýdanlary 75 million mu-a (5 million gektara) ýetdi. Hasyllylygyň ýokarlanmagy däne önümçiliginiň umumy ösüşiniň 90 göteriminden gowragyny düzýär diýip, Liu Siutao düşündirdi.
Howa şertleri bilen baglanyşykly ýitgileri azaltmak üçin degişli tehniki görkezmeler taýýarlanyp, guraklyga garşy çäreler, suw joşmalarynyň öňüni almak we zyýan berijilere garşy göreş üçin merkezi hökümet tarapyndan 6 milliard ýuandan (850 million ABŞ dollaryndan) gowrak serişde bölünip berildi. Liu Siutaonyň bellemegine görä, Demirgazyk-gündogar we Demirgazyk-günbatar welaýatlarda ösüş has hem ýokary bolup, olaryň esasy bölegini güýzlik däneleriniň we mekgejöweniň önümçiligi düzýändir.







