Hytaý soňky bäş ýylda tohum önümçiliginde uly öňegidişlikleri gazandy

Dekabr 13, 2025 | 18:55 |104
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Hytaý döwleti 2021-nji – 2025-nji ýyllary öz içine alýan 14-nji bäşýyllyk maksatnamanyň dowamynda tehnologiki innowasiýalar arkaly tohum howpsuzlygyny üpjün etmekde uly öňegidişlikleri gazandy. Häzirki wagtda ylmy-tehnologiki ösüşler oba hojalyk önümçiliginiň 63.2 göterimini tutýar, ekin görnüşleriniň bolsa 95 göterimden gowragy ýurduň öz içinde ösdürilip ýetişdirilýär.


Ýurduň ähli künjeklerinde alymlar tohumçylyk innowasiýalary arkaly azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmaklyga gönükdirilen işleri alyp barýarlar. Hytaýyň Henan welaýatyndaky Henan Ylym we Tehnologiýa institutynyň professory Ru Žengan kyrk ýyldan gowrak wagt bäri synag we tejribe meýdanlarynda bugdaý däneleriniň görnüşlerini barlamak we kämilleşdirmek bilen meşgullanýar. Onuň topary ýokary hasyllylygy, kesellere çydamlylygy bilen tapawutlanýan Bainong 4199 we Çen’an 211 ýaly däne görnüşleri ösdürip ýetişdirdi. Bu işler Hytaýda strategiki taýdan möhüm bolan “tohumçylyk pudagynyň çiplerini” güýçlendirmek boýunça alnyp barylýan tagallalara uly ähmiýetli goşantdyr.


Sinzian-Uýgur awtonom sebitindäki Milli Bio-seleksiýa Senagatynyň Innowasiýasy Merkezinde öňdebaryjy tehnologiýalar seleksiýa işlerini has-da çaltlandyrýar. Ösümlikler üçin niýetlenen ýokary tehnologiýaly kompýuter skanerleri we emeli aň ornaşdyrylan enjamlar her gün müňlerçe tohum nusgalaryny seljerýär. Henan Oba hojalyk ylymlary akademiýasynyň Molekulýar seleksiýa merkeziniň müdiriniň orunbasary Çuan Sin-iň aýtmagyna görä, bu merkezde ýylyň dowamynda seleksiýa işlerini alyp barmak üçin 33 sany gün energiýasy bilen işleýän ýyladyşhanalary hem-de 2 400 inedördül metr meýdanly intelektual ýyladyşhanalary işleýär.


Şeýle-de Hytaýda oba hojalyk genofonduna degişli giň gerimli milli barlag işleri tamamlandy. Onuň çäginde 580 müň sany ekin nusgalygy, 1.4 million sany maldarçylyk we guşçylyk nusgalyklary hem-de suw jandarlarynyň 140 müň sany görnüşi gorag astyna alyndy. Bu dünýäde iň uly kolleksiýa hasaplanýar. Hytaý Oba hojalyk ylymlary akademiýasynyň wekili Žun Ýu ýerli şertlerde ýetişdirilen güýçli glýutenli bugdaýyň häzirki wagtda içerki bazardaky islegiň takmynan 70 göterimini üpjün edýändigini, munuň bolsa öňki ýyllar bilen deňeşdirilende iki esse diýen ýaly köpdügini aýtdy.

Beýleki habarlar