Hytaýyň paýnamalarynyň bahasy hökümetiň goldawyna umyt baglap ýokarlandy

Maýadarlaryň ynamynyň artmagy esasynda Hytaýyň A-paýnamalarynyň bazary hepdäniň anna güni ortaça ösüş görkezdi. Shanghai Composite indeksi 0.41 göterim ýokarlanyp, 3 889.35 derejä bardy, Shenzhen Component indeksi bolsa 0.84 göterim ösüş bilen 13 258.33 derejä ýetdi.
Bazardaky oňyn ýagdaýlar Pekinde çarşenbe-penşenbe günleri geçirilen Merkezi Ykdysady Işler Maslahatynyň netijeleri bilen baglydyr diýip, China Global Television Network edarasynyň bazar seljerijisi Timoti Pop belledi. Maslahatda 2026-njy ýyl üçin ykdysady işleriň ileri tutulýan ugurlary kesgitlendi. Maýadarlar býujet çykdajylarynyň artdyrylmagy, sarp ediş we maýa goýumlarynyň höweslendirilmegi, şeýle-de pul-karz syýasatynyň ýeňilleşdirilmegi baradaky habarlary oňyn kabul etdiler. Bu çemeleşmeler 2026–2030-njy ýyllary öz içine alýan 15-nji Bäşýyllyk Maksatnama boýunça garaşylýan ugurlar bilen hem sazlaşýandyr. Karzlaryň pes göterim derejesi baradaky garaşmalar sebäpli banklaryň paýnamalary az-kem pese gaçsa-da, beýleki pudaklaryň köpüsinde ösüşler hasaba alyndy.
Ýarymgeçirijiler pudagynda, Intel kompaniýasy özüniň çip öndüriji enjamlaryny synagdan geçirilýändigi baradaky habarlardan soň, ACM Research Shanghai kompaniýasynyň paýnamalary 8 göterime golaý ýokarlandy. Bu ýagdaý kompaniýanyň garşysyna Amerikanyň Birleşen Ştatlary tarapyndan çäklendirmeleriň girizilendigini göz öňünde tutup, aýratyn ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde, täzelikde birža çykan Hytaýyň grafiki prosessorlaryny öndüriji Moore Threads Technology kompaniýasynyň paýnamalary, özüniň paýnamalarynyň söwda töwekgelçilikleri barada duýduryşyny bereninden soň 13.4 göterim pese düşdi. Muňa garamazdan, kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy birža ilkinji çykyşyndan bäri takmynan ýedi esse ýokarlanypdy.
Şeýle hem mis we altyn bilen bagly kompaniýalaryň paýnamalary uly ösüş görkezdi. Misiň bahalary rekord derejesine ýetdi, altynyň bahalary bolsa soňky bir aýyň iň ýokary derejesini görkezdi. Şeýlelikde, Hytaýyň materik bazarlarynda söwdalar anna güni umuman alanyňda oňyn netije bilen tamamlandy.







