Hytaýyň “Hežen Ýimakan” hekaýat ediş sungaty ÝUNESKO-nyň wekilçilikli sanawyna girizildi

Hytaýyň Hežen etnik toparyna degişli bolan “Yimakan” halk hekaýat ediş sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň Maddy däl medeni mirasynyň wekilçilikli sanawyna girizildi. Bu gadymdan bäri dilden-dile geçip gelýän sungaty gorap saklamakda möhüm waka boldy. Nýu Deli şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň 20-nji mejlisinde Yimakan hekaýat ediş sungaty Gyssagly goralmaga degişli miraslaryň sanawyndan Wekilçilikli sanawa geçirilip, şol bir wagtda onuň gorag maksatnamasy Gowy gorag tejribeleriniň sanawyna hem goşuldy. Bu bolsa şol bir mirasyň ilkinji gezek birbada iki derejesini almagydyr.
Hežen dilinde, prozanyň we şygryň utgaşykly görnüşinde beýan edilýän Yimakan hekaýatlary hežen halkynyň taryhyny, gahrymançylyk rowaýatlaryny, awçylyk we balykçylyk däplerini, däp-dessurlaryny hem-de ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýär we ýaş nesli terbiýelemekde möhüm orun eýeleýär. 2011-nji ýyldan bäri jemgyýetleriň, medeni edaralaryň we döwlet edarlarynyň bilelikdäki tagallalary netijesinde bu sungatyň nesillerden-nesillere geçmek mümkinçiligi üpjün edildi.
Hytaý bu mirasyň derejesini ýokarlandyrmak baradaky ýüzlenmesini 2023-nji ýylda iberipdi, we şol ýüzlenme 2024-nji ýylyň dekabrynda ÝUNESKO tarapyndan tassyklanyldy. Heilonsiang welaýatynyň Maddy däl medeni mirasy goramak merkeziniň maglumatlaryna görä, ykrar edilen mirasdüşerleriň sany bäş adamdan 121 adama çenli artdy, şeýle hem 500-den gowrak okuwçy ýörite okuw maksatnamalaryna gatnaşdy.
Alymlar bu ykrar edilmegiň Yimakan sungatyna we hežen diline bolan gyzyklanmany artdyrjakdygyny, medeni syýahatçylygy ösdürip, oba ýerleriniň ösüşine itergi berjekdigini belleýärler. Soňky täzelikler bilen Hytaýyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni miras sanawlaryndaky baýlyklarynyň umumy sany 45-e ýetdi, olaryň 40-sy Wekilçilikli sanawyna girizilendir.







