Hytaýda 2026-njy ýyl boýunça Merkezi ykdysady iş maslahaty geçirildi

Golaýda Pekin şäherinde geçirilen Merkezi Ykdysady Iş Maslahatynda 2026-njy ýylda ykdysadyýeti ösdürmek boýunça esasy wezipeler kesgitlendi. Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş sekretary Si Szinpin öz çykyşynda ykdysadyýetiň häzirki ýagdaýyna seljerme berdi, 2025-nji ýylda ýurduň ykdysadyýetinde ýetilen sepgitleri hem-de geljek ýyl üçin esasy ugurlary belledi.
Maslahatyň dowamynda, bar bolan kynçylyklara garamazdan 2025-nji ýylyň esasy ykdysady we jemgyýetçilik ösüş maksatlaryna ýetilendigi bellenildi. Ýurduň senagat ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, özgertmeleri we aç-açanlygy öňe sürmekde gazanylan ösüşler hakynda, ilatyň abadançylygynyň barha ýokarlanýandygy barada aýdyldy. 2021-nji – 2025-nji ýyllary öz içine alýan 14-nji Bäşýyllyk Maksatnamanyň tamamlanmagy bilen Hytaý döwletiniň dürli daşky “sarsgynlyklary” üstünlikli ýeňip geçýändigi bellenildi.
Şonuň ýaly-da maslahatda täze ösüş pelsepesini doly durmuşa geçirmekligiň, ösüşiň depginini artdyrmaklygyň zerurdygy aýdyldy. Hytaý döwletiniň ösüşde durnuklylygyny saklap, içerki alnyp barylýan işleri daşarky ykdysady çylşyrymlyklary bilen sazlaşykly utgaşdyrmak arkaly ösüşi hem, howpsuzlygy hem doly üpjün eder. Içerki bazarda islegleri höweslendirmek, üznüksiz üpjünçiligi ýola goýmak hem-de hil taýdan ýokary bolan önümçiligi güýçlendirmek üçin has netijeli makroykdysady syýasatlar kabul ediler.
Ýurdyň bir bitewi içerki bazaryny döretmek, howplaryň döräp biläýjek ugurlaryny talabalaýyk dolandyrmak, iş orunlaryny döretmek hem-de kärhanalaryň, içerki bazaryň ösüşini durnukly saklamak 2026–2030-njy ýyllary öz içine alýan 15-nji Bäşýyllyk Maksatnamasyny durmuşa geçirmekligiň şowly başlanmagyny üpjün eder. 2026-njy ýylda ösüş boýunça görkezmeler döwlet býujet syýasatyny dowam etdirmekligi, zerur halatlarda býujet ýetmezçiliklerini hem-de çykdajylary sazlamaklygy, şeýle hem oňaýly pul-kredit syýasatyny öz içine alar. Banklaryň, maliýe edaralarynyň işleri içerki islegi, ylmy-tehnologiki innowasiýany hem-de kiçi we orta kärhanalary goldamaga gönükdiriler. Milli walýutanyň - ýuanyň hümmeti sazlaşykly derejede durnukly saklanar.







