2025-nji ýylda Hytaýda ilaty durmuş taýdan goldamak syýasaty anyk netijeleri berer

Hytaý döwleti 2025-nji ýylda ilaty iş bilen üpjün etmekde, durmuş taýdan goldamak hem-de gartaşan adamlara ideg etmekde uly ösüşler gazandy. 25 müňden gowrak ilatly ýerleriň durky täzelendi, 3 million sany ýaşy uly raýatlar üçin 11 müň sany kömekçi naharhana açyldy we tutuş ýurt boýunça 3400 sany kiçi seýilgähler hem-de 19 müň gektar töweregi bagly-bakjaly meýdanlar açyldy.
Şu maksatlar üçin döwletiň çykdajylary artdy, bilim maksatly bölünip berilýän býujetiň möçberi 6.1%, durmuş taýdan goldaw we iş bilen üpjünçilik üçin bölünip berilýän býujetiň möçberi bolsa 5.9% ýokarlandy. Iş orunlaryny üznüksiz üpjün etmek üçin hökümet tarapyndan 66.74 milliard ýuan (9.45 milliard ABŞ dollary) möçberinde maliýe serişdesi bölünip berildi we ýanwar aýyndan oktýabr aýyna çenli şäherde 11.42 million täze iş orunlary döredildi.
Hökümet wekilleri “adamlaryň ösüşine maýa goýmak” ýörelgesini ykdysady ösüş bilen utgaşdyrmagy nygtadylar, bu bolsa Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş sekretary Si Szinpiniň ýolbaşçylygyndaky “adamlar hemme zatdan ileri tutulmalydyr” diýen ýörelgesini görkezýändir diýip, Hytaýyň Makroykdysady ylmy-barlaglar akademiýasynyň Durmuş taýdan ösüş institutynyň direktory Liu Şu belleýär.
Gartaşan adamlara ideg ediş hem-de maşgalalara goldaw beriş hyzmatlary giňeldildi, şol sanda Hunan welaýatynyň Çanşa şäherinde gartaşan adamlaryň sargytlaryny onlaýn kabul edýän 1100 sany intellektual hyzmat edijileriň işi ýola goýuldy. Ýurtda çagalara ideg etmek üçin goşmaça 660 000 sany orun döredildi we 12 million maşgala mekdebe çenli ýaşly çagalar üçin bir ýyl töleglerden boşadyldy, bu bolsa ene-atalara her aýda 5000 ýuan (70.8 ABŞ dollaryny) tygşytlamaga mümkinçilik berdi.
Bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda hem öňgidişlikler gazanyldy: 2025-nji ýylda 1000-den gowrak orta bilim berýän mekdepleri guruldy we abatlandy, 4 million töweregi raýatlar welaýatlarda 125 sany lukmançylyk merkezleriniň we şäherlerdäki barlagdan geçiriş merkezleriniň ýokary hilli hyzmatlaryndan peýdalandylar.
Şeýle hem 2025-nji ýylda kömege mätäç raýatlary, betbagtçylykdan ejir çeken ýa-da agyr keseli bolan ýaşaýjylary goldamak üçin hökümet tarapyndan 156.68 milliard ýuan (22.18 milliard ABŞ dollary) möçberinde maliýe serişdeleri goýberildi. 84 million raýat üçin durmuş taýdan gorag hyzmatlary gowulandy we iş ýerinde alnan şikesler üçin ätiýaçlandyryş ýene 17 welaýatda elýeterli boldy.







