Hytaýda serişdeleri esasy pudaklara gönükdirmek üçin täzeçe çemeleşmeler ulanylar

Dekabr 12, 2025 | 18:50 |146
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaý döwleti serişdeleri esasy pudaklara gönükdirmek maksady bilen pul syýasatynda täzeçe çemeleşmeleri ulanar. Hytaýda maliýe serişdelerini esasy pudaklara gönükdirmek maksady bilen düzümleýin pul-karz syýasatynyň gurallaryny ulanmak, ýagny karz göterimini peseltmek hem-de ätiýaçlyk serişdeleri boýunça kadalary ýeňilleşdirmek göz öňüne tutulýandygy barada şu ýylyň jemine bagyşlanan Merkezi ykdysady iş maslahatynyň yzysüre bilermenler habar berdi.

Bu çäreler ylmy-tehnologiki innowasiýalara, ekologiýa taýdan arassa pudaklara we sarp edijilik bazaryna gönüden-göni öňyn täsir eder diýip, Merchants Union Consumer Finance merkeziniň baş ylmy işgäri Dong Şimiao belleýär. Onuň pikirine görä, 2026-njy ýylda goýum goýujylar üçin goýum nyrhlary hem-de möhüm polis görkezijileri peselip biler, Karzyň bahasy bolsa durnukly bolup galmagy ýa-da birneme pese gaçmagy mümkindir.

Dürli düzümleýin pul-karz syýasatynyň gurallarynyň ulanylmagy ýurduň ösüşini maliýeleşdirmeklige, has anyk, gönükdirilen serişde kanallaryny peýdalanmaga kömek eder diýip, Hytaýyň Halkara Maýa Goýum Korporasiýasynyň baş analitigi Žang Wenlang düşündirýär.

Şeýle gönükdirilen çemeleşme, gysga möhletli ösüşi uzak möhletli durnuklylyk bilen utgaşdyrmaklygy, döräp biläýjek howplaryň öňüni almaklygy hem-de serişdeleriň ileri tutulýan ugurlara bökdençsiz üpjün edilmegini maksat edinýändir.

Beýleki habarlar