Hytaýyň gurluşyk materiallary pudagy täze derejede ösüşini dowam etdirýär

Hytaýda ekologiýa taýdan arassa, “akylly” we ulanyjy üçin amatly bolan gurluşyk serişdelerine hem-de öý enjamlaryna bolan isleg barha ýokarlanýar. Munuň esasy sebäbi hem sarp edijileriň islegleriniň we talaplarynyň üýtgemegidir hem-de döwlet tarapyndan berilýän goldaw syýasatlarydyr. Bu pudakdaky täzelelikler Hytaý Gurluşyk Materiallarynyň Dolanyşyk birleşigi Foşan şäherinde geçirilen pudak maslahatynda aýratyn bellenilip geçildi.
Öňdebaryjy tehnologiýaly öndürilen enjamlara bolan isleg aýartyn ýokarydyr. Arrow Home Group kompaniýasy ýaly ösýän kärhanalar öz söwdalarynda yzygiderli ösüş gazanýarlar. Bazardaky paýyň giňelmegi ýokary amatlygy bolan ýaşaýyş jaýlarynyň ulanyşa berilmegine hem-de garrylar üçin amatly önümleriň öndürilmegine esaslanýandyr. Täze önümler adamyň gündelik zerurlyklaryna has laýyk, sagdyn, pes uglerodly we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen işlenip düzülýär.
Döwlet tarapyndan berilýän goldawlar hem pudakda bäsdeşligi artdyrýar. Energiýa tygşytlaýjy önümler üçin 15–20 göterim döwlet maliýe kömegi berilýär. Ýurt çägindäki “köne enjamy täze enjama çalyşmak” maksatnamasy hem-de şäherleriň durkuny täzelemek taslamalary pudak üçin uly mümkinçilikleri açýar. Bu çäreler bazarda ekologiýa taýdan arassa, ulanmak üçin howpsuz bolan önümleriň köpelmegine itergi berýär.
Gelejekde pudagyň öňdebaryjy kompaniýalary doly utgaşdyrylan “akylly öý” ekoulgamlaryna we durnukly önümçilige maýa goýarlar. Bu täzeçe çemeleşme bir tarapdan häzirki döwürde sarp edijileriň isleglerini kanagatlandyrýan bolsa, beýleki tarapdan uglerodsyz önümçiligi ösdürmek maksatlaryna hem laýyk gelýär. Şeýlelikde, Hytaýyň öý enjamlary pudagy innowasiýa esaslanýan täzeçe ösüş ýoluna gadam basýar.







