Sýuçuandaky robot türgenleşik meýdançasy robotlary dürli pudaklara taýýarlaýar

Hytaýyň günorta-günbataryndaky Sýuçuan welaýatynda ýerleşýän ýörite robot türgenleşik edarasy, bedeninde ýerleşdirilen emeli aň robotlaryny öndürijilik, saglygy goraýyş, şäher dolandyryşy we hatda adatdan daşary ýagdaýlara garşy çäre görmek ýaly dürli ugurlarda ulanmaga taýýarlaýar. Bu ýerde robotlara dürli ýagdaýlarda zerur bolan başarnyklar öwredilýär.
Mýanýan şäherinde ýerleşýän Sýuçuandaky edara, robotlaryň öwrenmegini, algoritmleriň kämilleşdirilmegini we ukyplarynyň ýokarlandyrylmagyny çaltlaşdyryp, olary ösüşiň indiki tapgyryna geçirýär. Edara gözleg we işläp taýýarlamak, synag geçirmek, standartlaşdyrma hem-de täjirçilik işlerini birleşdirýän toplumlaýyn meýdança hökmünde işleýär.
Bu kämil türgenleşik meýdançasynyň, dünýäde bedeninde ýerleşdirilen emeli aň boýunça ýüze çykýan möhüm bökdençlikleri, şol sanda hakyky synag ýagdaýlarynyň azlygy, ýokary hilli maglumat kemçiligi we kyn gurşawlarda ýeterlik synag mümkinçilikleriniň bolmazlygy ýaly meseleleri çözmegine garaşylýar.
“Türgenleşik maksatnamalary önümçilik, öý hojalyk hyzmatlary we söwda ýardam bermek ýaly onlarça hyzmatlary öz içine alýar. “Bu ýerdäki usul uly adamynyň çagany terbiýeleşine meňzeýär, doly taýýarlyk arkaly robotlaryň täze başarnyklary özleşdirmegine ýardam berýäris” diýip, edaranyň tehniki direktory Žang Çençen belleýär.
Dürli pudaklar robot türgenleşik edarasynyň täzeçilligine uly gyzyklanma bildirdiler, şeýlelikde müňlerçe myhman emeli aň esasynda işleýän robotlary göni synlamak hem-de iş tejribesinde görmek üçin gelýärler.
“Men Deýang şäherinden geldim. Men çeýe gaplama senagatynda işleýärin. Robotlar biziň önümçilik işlerimize örän laýyk gelýärler, ýagny kodlary gözden geçirmek, bellik goýmak, materiallary saýharlamak we daşamak ýaly işlerde örän peýdaly bolup bilerler” diýip, myhman belledi.
Işgärler, edara synag döwrüniň iki aýynda 200-den gowrak topary kabul edendigini, şonda köp sanly şertnamalara hem gol çekilendigini habar berýärler. Degişli robotlar ýeterlik derejede türgenleşik geçeninden soňra, olar köpçülikleýin öndürilip kärhanalara eltip beriler.
“Bu ýyl emeli aň ösüşini goldaýan milli we ýerli derejelerde birnäçe resminamalar kabul edildi, bu hem biz üçin uly ynam döretdi. Häzirki wagtda käbir robotlar şol sanda söwda etmäge ýardam berýän hem-de önümçilikde ulanylýan robotlar iş ýüzünde ulanmak üçin ilkinji taýýarlyk işleri geçirilýär. Biz robot türgenleşigini hem tizleşdirýäris, olary söwda merkezlerine, jemgyýetlere we zawodlara iberip, emeli aň tehnologiýasynyň dürli pudaklaryň mümkinçiliklerini çalt depginde giňeletmegini isleýäris” diýip, edaranyň satuw müdiri Žu Ýançen habar berdi.
Emeli aň we dili öwrenmek modelleri ýaly tehnologiýalaryň çalt ösmegi bilen, Hytaýyň robot senagaty ylmy barlaglardan gaýry köpçülikleýin öndürilişe we giňden ulanylyşa tarap ymtylýar.
Robot senagatynyň geljekki ýyllarda gülläp ösmegine garaşylýar. Hytaý Elektronika Institutynyň maglumatlaryna görä, ýurt boýunça adama meňzeş görnüşindäki robotlaryň bazary 2030-njy ýyla çenli 870 milliard ýuana (takmynan 122 milliard ABŞ dollary) ýetmegi çaklanylýar.







