Şanhaý awtonom sürüş synaglary üçin Emeli Aň tehnologiýasyny höweslendirýär

Dekabr 11, 2025 | 17:27 |75
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Şanhaý şäheri, emeli aňyň önümçilikden başlap jemgyýetçilik hyzmatlaryna çenli esasy pudaklara tiz ornaşdyrylmak maksadyny öňe sürmek işleriniň çäklerinde, awtonom sürüş boýunça synaglary geçirmek üçin has köp ýoly açdy diýip, ýekşenbe güni döwlet wekilleri habar berdiler.

Soňky goşulan ýollar bilen, Şanhaý häzirki wagtda sürüjisiz ulag synaglaryny geçirmek üçin 3170-den gowrak ýola, umumy uzynlygy 5 200 kilometrden gowrak ýola eýe bolup, bu şäher ýerleriniň takmynan üçden bir bölegini öz içine alýar. Bu maglumatlar ýekşenbe güni geçirilen “Emeli Aň + Ulag” Şanhaý 2025 çärelerinde habar berildi.

Häzirki wagta çenli Şanhaýdaky 40 kompaniýa degişli 900-den gowrak ulag, ýol synaglary, tejribede görkezmek we awtonom sürüş amallary boýunça ygtyýarnamalary aldylar. Umumy synag 32 million kilometreden geçdi, onuň wagty bolsa 1,78 million sagatdan köp boldy.

Şol gün ýurdumyzyň ilkinji şäher derejesindäki açyk ýol hereketleri baradaky maglumatlar binýady hem işe girizildi. Bu binýat şäher boýunça 7 600-den gowrak çatrykdan şol bir wagtda maglumatlary alýar we awtonom sürüş tehnologiýalarynyň köpçülikleýin önümçiligini tizleşdirmek babatynda ylmy-barlag işlerini güýçlendirýär.

Çäräniň dowamynda emeli aňy ulag ulgamy bilen döredijilikli birleşdirýän birnäçe täze taslamalar hem tanyşdyryldy.

Täze taslamalaryň arasynda Şanhaý metro ulgamyny dolandyrýan Shentong Metro Group tarapyndan gurlan täze Emeli Aň synag edarasy hem bardyr.

Bu edara şäher demirýol ulgamy boýunça multimodal maglumatlaryň ilkinji milli toplumyny döretmäge mümkinçilik berer. Bu maglumatlar belli maksada gönükdirilen özbaşdak türgenleşdirmäge hem-de duýduryş ulgamlary ýa-da akylly howpsuzlyk barlaglary ýaly ulgamlaryň işe girizilmezden öň giňişleýin we netijeli barlaglary geçirmäge mümkinçilik döreder.

“Bu edara ulgamlary resmi işe girizilmezden öň synagdan geçirmegi, tassyklamagy we kämilleşdirmegi mümkinçilik döreder. Öňki çemeleşmämiz gurluşyk tamamlanandan soň barlag geçirip, soňra ony işe girizmekden ybaratdy. Şol sebäpli ýüze çykyp biljek meseleleri öňünden anyklamak mümkin däldi” diýip, Şentong Metro Group garamagyndaky Baş inženerçilik edarasynyň direktorynyň orunbasary Wang Şenhua belledi.

Senagatyň synçylary ulag ulgamynda emeli aň tehnologiýasyny has-da çuňlaşdyrmak boýunça edilýän tagallalar, emeli aňyň köp pudaklara mundan beýläk hem ornaşyp, adamlaryň gündelik durmuşynda örän uly orun eýelejekdigini belleýärler.

“Bu gün emeli aň dürli ugurlar bilen aýratyn baglanyşyp, döwlet dolandyryşy, kärhanalaryň işi we adamlaryň gündelik durmuşy bilen has ýakyn utgaşýar” diýip, Şanhaý Emeli Aň Senagat Assosiasiýasynyň Baş sekretary Žong Junhao habar berdi.

Beýleki habarlar