Hytaý 2025-nji ýylda nebit önümçiligini rekord derejä ýetirer

Hytaýyň Milli Energetika Müdiriýetiniň täze maglumatlaryna görä, ýurduň çig nebit önümçiligi 2025-nji ýylda 215 million tonna ýetip, onuň möçberiniň taryhy rekord derejesine çykmagyna garaşylýar.
2021–2025-nji ýyllary öz içine alýan 14-nji Bäşýyllyk meýilnamanyň dowamynda nebit önümçiligi ýurt boýunça 105 million tonna artdyryldy. Şeýle hem soňky bäş ýylyň dowamynda öndürilen nebitiň 60 göterimden gowragy deňiz ýataklaryndan gazylyp alnandyr.
Tebigy gazyň çykarylyşy hem bassyr dokuz ýyl bäri ýokarlanyp gelýär. Hytaý döwleti dünýäde dört sany iň iri öndürijilerň biri hasaplanýar. 2025-nji ýylyň ahyryna çenli ýurtda tebigy gazyň çykarylyşynyň 260 milliard kub metre ýetmegine garaşylýar, bu bolsa geçen bäşýyllygyň jemleri bilen deňeşdirilende 35 göterim ýokarydyr.
Bu geçen döwürde Hytaý döwleti her biriniň ätiýaçlyk gory 100 million tonnadan geçýän 10 sany iri nebit ýataklaryny hem-de her biriniň ätiýaçlyk gory 100 milliard kub metrden geçýän 19 sany ägirt uly gaz ýataklaryny özleşdirdi. Şol bir wagtda tassyklanan ätiýaçlyk gorlarynyň möçberi 43 göterim, tebigy gazyň ätiýaçlyk gory bolsa 40 göterim artdy. Ýurdun nebit gory 7 milliard tonna, tebigy gaz gory bolsa 7 trillion kub metrden gowrak köpeldi.
Ýurduň nebit-gaz turbageçirijileriniň uzynlygy häzirki wagtda 195 müň kilometre ýetdi, bu bolsa pudagyň ýurt möçberinde has netijeli işlemegine ýardam berýär. Milli Energetika Müdiriýetiniň habar bermegine görä, yzygiderli iri maýa goýumlary we tehnologiýa taýdan öňegidişlikler pudakda önümçiligi artdyrmaga, netijeliligi ýokarlandyrmaga hem-de ekologiýa taýdan arassa ösüşi gazanmaklyga mümkinçilik berdi. Bu bolsa öz gezeginde ýurduň energetika howpsuzlygyny has-da berkidýändir.







