Hytaýda dronlaryň şäher şertlerinde uçuşlaryny sazlamak möhüm rol oýnaýar

Dekabr 10, 2025 | 17:35 |97
CCTV logo
Çeşme: cctv.com

Golaýda Hytaýda resmi taýdan ykrar edilen dronlaryň uçuşyny sazlaýjy täze hünäre häzirki zaman şäher dolandyryşynda uly üns berilýär. Işgärler gory we sosial üpjünçilik ministrligi bu hünäri iýul aýynda döwlet derejesinde tassyklamak bilen, onuň ähmiýetiniň barha artýandygyny belledi.

Dronlar häzirki wagtda ýol-ulag hereketlerine gözegçilik etmekde, hadysalary derňemekde we pes beýiklikdäki logistika hyzmatlarynda giňden ulanylýar. Nansin şäherindäki dolandyryş merkezinde uçuşy sazlaýjylar parametrlerini girizip, awtomatlaşdyrylan desgalardan birnäçe drony bir wagtyň özünde uçuryp, awtomagistrallaryň ugrunda 3D görnüşde maglumat ýygnamak ýaly wezipeleri ýerine ýetirýärler.

Siansu Awiasiýa Kärhanalar Toparynyň berýän maglumatyna laýyklykda, dronlar indi has çylşyrymly we uly göwrümli ýumuşlary ýerine ýetirýärler. Bu bolsa ýörite başarnykly hünärmenlere bolan islegi ep-esli artdyrýar. Öňki başarnyklar indi köpugurly we çylşyrymly işleri ýerine ýetirmäge ýetirlik däldir. “Bize dronlaryň uçuşyna, meteorologiýa, simulýasiýa we doly awtomatlaşdyrylan usuldaky dolandyryşa düşünýän hünärmenler gerek” diýip, toparyň tehniki direktory Sýu Žohai aýdýar. Onuň sözlerine görä, kärhana elektronika, aragatnaşyk, dizaýn we materiallar ugurlaryndan hünärmenleri işe çekýär.

Sangsu welaýatynyň pes beýiklikdäki uçuşlara hyzmat ediş merkezi tarapyndan dronlar elektrik toguny geçiriji simleri barlamakda, oba hojalygynda we ulag-gatnaw işlerinde giňden ulanylýar. Bu merkez welaýatyň çäginde 70 müňden gowrak dron ulanyjylaryna we 400-den gowrak kärhanalara hyzmat edrýärler.

Dronlary ulanmagyň has ýaýbaňlanmagy bilen pes beýiklikdäki uçuşlara hyzmat etmeklik ýaş hünärmenleri barha köp özüne çekýär. “Dron tehnologiýasyny dürli pudaklarda ulanyp bilmek meni diýseň höweslendirýär” diýip, dron toparynyň uçuşlary sazlaýjysy Ban Siaýin pikirini paýlaşdy.

Beýleki habarlar