Hytaýda tiz eltip gowşurmak hyzmatlary noýabr aýynda ösdi

Dekabr 10, 2025 | 17:25 |120
CCTV logo
Çeşme: cctv.com

Hytaýda tiz eltip gowşurmak hyzmatlary noýabr aýynda ep-esli artdy, degişli pudakda ösüş 478.1 derejä ýetdi, bu bolsa ýyllyk 3% öňegidişlikdir. Öňdebaryjy tehnologiýa arkaly şeýle hyzmatlary hödürleýän pudagyň söwdasynyň möçberi we hyzmatlarynyň hili ýokarlanýar.

Ösüşi görkezýän sanlar: 2025-nji ýylyň 30-njy noýabryna çenli poçta boýunça ugradylýan bukjalaryň ýyllyk möçberi 180 milliarddan geçip, täze bir sepgide ýetildi. Bu möçber 2024-nji ýyldakydan 174 milliard köpdür, 2023-nji ýyla görä bolsa 132 milliard artykdyr. Ýakynda geçirilen “Goşa 11” söwda çäresiniň dowamynda her gün ortaça 634 million poçta bukjasy eltip gowşuryldy, bir günüň rekordy 777 million sany poçta bukjasy boldy.

Geljege nazar aýlasaň, Hytaýyň logistika ulgamyna ýokary tehnologiýalary we “akylly” ammar dolandyryşlary barha köp ornaşdyrylýar, bu bolsa poçta bukjalaryny we ýükleri has çalt tertipde işläp taýýarlamaga hem-de olary gysga wagtyň içinde görkezilen salga eltip gowşurmaga mümkinçilik berýär. Işleriň şeýle tertipde gurnalmagy müşderileriň sargytlarynyň iň köp bolýan döwri hem hyzmatlary yzygiderli, öz wagtynda ýerine ýetirmeklige uly ýardam berýär. Şonuň ýaly-da gyşky syýahatçylyk we täze önümleri paýlamak ýaly möwsümleýin işleri ýerine ýetirmäge hem mümkinçilik berýär.

Bu pudak buzly we garly möwsümde hem, oba hojalyk önümlerini daşamak ýaly ugurlarda hem hyzmatlary ýerine ýetirip, ykdysadyýetde üpjünçilik zynjyrynyň üznüksiz işlemegine-de uly ýardam berýär. Batly depginde ösýän bu pudak Hytaýyň ykdysady kuwwatyny we sarp ediş mümkinçiligini görkezýändir.

Beýleki habarlar