HKP Merkezi Komiteti partiýa agzasy bolmadyk wekiller bilen simpozium geçirdi

Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komiteti 3-nji dekabrda Pekinde, şu ýylyň ykdysady ýagdaýy hem-de 2026-njy ýyl üçin ykdysady wezipeler boýunça partiýa agzasy bolmadyk wekiller bilen simpozium geçirdi we olaryň tekliplerini diňlediler. Bu çärä Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş sekretary Si Szinpin ýolbaşçylyk etdi. Ol ýurduň ykdysadyýetini ösdürmekde ileri tutulýan ugurlaryň üýtgemändigini belläp, ynamy berkitmegiň, bar bolan artykmaçlyklardan dogry peýdalanmagyň hem-de 2026–2030-njy ýyllary öz içine alýan 15-nji Bäşýyllyk meýilnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ynamly girişmegiň möhümdigini nygtady.
HKP-niň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň Hemişelik komitetiniň agzasy Li Sian simpoziuma gatnaşyjylara şu ýylyň ykdysady görkezijileri we indiki ýyl üçin meýilleşdirilýän ugurlar barada çykyş etdi. Partiýa agzasy bolmadyk iri jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary – Ženg Sianban, Ding Žongli, Kai Dafeng, He Wei, Siang Žuojun, Wu Weihua, Su Hui, Gao Hongjun hem-de Bütinhytaý Senagat we Söwda Federasiýasynyň başlygy Gao Ýunlong — senagaty ösdürmek, içerki bazardaky islegi artdyrmak, aç-açanlygy güýçlendirmek, jemgyýetçilik saglygyny berkitmek hem-de iş orunlaryny has-da köpeltmek boýunça öz tekliplerini beýan etdiler.
Si Szinpin olaryň çykyşlaryny üns berip diňledi we hödürlenen teklipleri jikme-jik öwrenip, degişli çözgütler kabul edilende olara salgylanjakdygyny aýtdy. Ol şu ýylda alnyp barylýan işleriň netijesinde esasy ykdysady we sosial ösüş maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişini, 14-nji Bäşýyllyk meýilnamasynyň dowamynda Hytaýyň ykdysady we ylmy-tehnologiki kuwwatynyň ep-esli ýokarlanandygyny belledi.
Si Szinpin geljekde ýurduň içerki ykdysady syýasatlarynyň halkara maliýe we söwda gatnaşyklary bilen has netijeli utgaşdyrylmalydygyny aýtdy. Şeýle hem içerki bazarda islegi artdyrmak, bar bolan we täze serişdeleri netijeli paýlamak, ýerli aýratynlyklara laýyklykda täze hil derejesindäki öndürijilik güýjüni , milli bitewi bir bazary ösdürmek hem-de iş üpjünçiligini, kärhanalaryň durnuklylygyny, bazar we jemgyýetçilik garaýyşlaryny sazlaşykly saklamak arkaly yzygiderli ösüşi gazanmak zerurdygyny nygtady.







