Hytaýyň ösýän daşary söwdasy iň az ösen ýurtlara peýda getirýär

2024-nji ýylyň dekabryndan bäri Hytaý diplomatik gatnaşyklary bolan ähli az ösen ýurtlara tarif sanawynyň 100%-i boýunça nola barabar gümrük nyrhnamasyny hödürledi. Bu syýasatyň çäklerinde Afrikadan künji ýaly oba hojalyk önümleri deňiz üsti hytaý bazaryna gelip gowuşdy.
«Şu ýylyň başyndan bäri meniň kompaniýam Tanzaniýa, Mozambik, Niger we Togo ýaly birnäçe afrika ýurdundan künji import etdi. Bu bolsa kompaniýanyň umumy künji importynyň 90%-ini düzýär. Çaklamalara görä, bize takmynan 7,7 million ýuan (takmynan 1,09 million ABŞ dollary) möçberinde gümrük ýeňilligi berler» Ýerli daşary söwda kompaniýasynyň dolandyryjysy Çen Ýue diýdi.
Şol bir wagtyň özünde gümrük edaralary hem ilkinji nobatda barlag, sertifikatlaşdyrmak, deslapky deklarirlemek we gelenden soň haýal etmän barlamak ýaly birnäçe çärelerini durmuşa geçirdiler.
«Ýanwar-noýabr aýlary aralygynda Huanpu gümrükhanasy 1,3 milliard ýuan (183,88 million ABŞ dollary) möçberindäki ýeňillikli tertibe degişli bolan importy barlady we degişli importçylara 60 million ýuan (8,49 million ABŞ dollary) möçberinde tarif ýeňilligini berdi» diýip, Huanpu gümrük gullugynynň nyrhnama bölüminiň başlygynyň orunbasary Huan Çun belledi.
Gümrük maglumatlary şu ýylyň ilkinji on bir aýynda Hytaýyň umumy importynyň 16,75 trillion ýuana (2,37 trillion ABŞ dollary) barabar bolandygyny we ýyllyk hasapda 0,2% artandygyny görkezýär. Maşyngurluşyk we elektrotehniki önümleriň importy 5,5% artyp, umumy importyň 39,9%-ini düzdi.
Diňe noýabr aýynda importyň möçberi 1,55 trillion ýuana (219,2 milliard ABŞ dollaryna) deň bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,7% artdy.
«Dünýäde ikinji uly bazar bolmak bilen, Hytaý ösüş mümkinçiliklerini dünýäniň beýleki ýurtlary bilen paýlaşmak üçin importy işjeň giňeldýär. Geçen ýylyň 1-nji dekabryndan başlap, Hytaý diplomatik gatnaşyklary ýola goýlan ähli iň az ösen ýurtlara tarif sanawynyň 100% ugurlary boýunça nol nyrhly tertibi hödürledi. Bu çäre eýýäm bir ýyl bäri hereket edýär. Soňky bir ýylyň dowamynda Hytaýyň iň az ösen ýurtlardan importy 55 milliard ýuandan (7,78 milliard ABŞ dollary) gowrak artdy. Bu bolsa Hytaýyň "Global Günortanyň" umumy ösüşini goldamak boýunça anyk hereketlerini görkezýär» Hytaýyň Baş gümrük müdirliginiň Statistika we seljeriş bölüminiň müdiri Lýu Dalýan şeýle diýdi







