Hytaýda enjamlaryň önümçiligi 11 aýyň jemi boýunça durnukly ösüş görkezdi

Hepdäniň duşenbe güni Döwlet salgyt gullugy tarapyndan berlen maglumatlara görä, Hytaýda enjamlaryň önümçiligi durnukly ösüş görkezdi. 2025-nji ýylyň 11 aýynyň jemleri boýunça bu pudagyň girdejileri geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8.3 göterim artdy.
Salgyt boýunça hasabatlara laýyklykda, üstümizdäki ýylyň 11 aýynda gaýtadan işleýän önümçiligiň çalt depginde ösendigi bellenýär. Enjamlary öndürmek pudagynyň satuwdan alýan girdejileri 8.3 göterim ýokarlandy, şolardan kompýuterleriň, aragatnaşyk enjamlarynyň önümçiligi 12.3 göterim, ölçeýji enjamlaryň önümçiligi bolsa 10.3 göterim ösüş görkezdi.
Döwlet salgyt gullugynyň Salgyt syýasaty we Hukuk müdirliginiň başlygy Dai Şiyou, metbugat wekilleriniň ýygnagynda eden çykyşynda önümçilik pudagynyň ösen tehnologiýalar arkaly barha kämilleşýändigini görkezýän maglumatlar bilen tanyşdyrdy.
“Ýanwar-noýabr aýlary aralygynda enjamlaryň giň möçberde täzelenmegine gönükdirilen syýasatyň durmuşa geçirilmegi bilen baglylykda, önümçilik bilen meşgullanýan kärhanalaryň awtomatlaşdyrylan enjamlary satyn almaklyga niýetlän serişdeleriniň möçberi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 14.2% artdy. Bu bolsa, pudagyň öňdebaryjy tehnolgiýalar bilen kämilleşdirilýändigini görkezýändir. Şeýle hem, önümçilik kärhanalarynyň sanly tehnologiýalary satyn almak üçin aýyrýan serişdeleri 11.2% artdy, bu hem sanly tehnologiýalaryň önümçilik bilen mundan beýläk-de çuňlaşdyrylyp utgaşdyrylýandygyny açyp görkezýär” diýip, Dai Şiyou düşündirýär.







