Hytaýyň salgyt maglumatlary şu ýylyň 11 aýynda senagatyň düzüminiň gowulaşandygyny görkezýär

Duşenbe güni Hytaýyň Döwlet salgyt gullugy tarapyndan çap edilen maglumatlara görä, 2025-nji ýylyň ilkinji 11 aýynda ykdysady düzümiň dowam edýän kämilleşdirilmegi we ösüş depgininiň güýçlenmegi bilen, Hytaýyň ykdysadyýeti barha ösdi.
Salgyt maglumatlary şu ýylyň ilkinji 11 aýynda ýurt boýunça kärhanalar tarapyndan satyn alnan mehaniki enjamlaryň umumy möçberiniň ýyllyk hasapda 10,7 göterim artandygyny görkezýär, bu bolsa enjamlara goýulýan maýa goýumlaryň ep-esli artandygyna şaýatlyk edýär.
«Ýurt boýunça salgyt edaralary tarapyndan işlenilen kärhanalar üçin eksport gümrük pajynyň gaýtarylyp berilmeginiň möçberi ýyllyk hasapda 6,8% artdy. Bu bolsa halkara söwda gurşawynyň kynçylyklaryna garamazdan, gowy netijeleri gazanan hytaý kärhanalarynyň eksport durnuklylygyna şaýatlyk edýär» diýip, Hytaýyň Döwlet salgyt gullugynyň başlygynyň orunbasary Saý Szyli belledi.
Energetika düzümi babatda aýdylanda, hasap-faktura maglumatlary arassa energiýa pudaklarynda, ýagny ýel, gün we gidroenergetika ýaly pudaklarda satuwdan düşen girdejiniň ilkinji 11 aýda ýyllyk hasapda 14,9% artandygyny görkezýär. Bu elektrik energetikasyndaky umumy satuw girdejisiniň 38%-ini düzüp, geçen ýylkydan 4,3 göterim köpdür.
Saý şeýle hem: «Ýel we gün energetikasyndan gelýän girdeji degişlilikde ýyllyk hasapda 16,8% we 35,7% artdy, bu bolsa Hytaýyň energetika düzüminiň "ýaşyl" özgerişiniň çalt öňe gidýändigini görkezýär» diýdi.







