Hytaý 2025-nji ýylda oba ýerlerini düýpli döwrebaplaşdyrdy

Hytaý 2025-nji ýylda bol hasyl almagy başarmak bilen, täze oba hojalyk tehnologiýalarynyň giňden ulanylmagyny ýola goýdy hem-de oba ýerleriniň infrastrukturasynyň has-da pugtalandyrylmagyny üpjün etdi. Bu üstünlikler ýurduň oba ýerleriniň gaýtadan dikeldilmegini we oba hojalygynyň döwrebaplaşdyrylmagyny ilerletmekdäki möhüm öňegidişlikleri görkezdi.
Gurakçylyga we suw joşgunlaryna garamazdan, Hytaýda däneli ösümlikleriň hasyly durnukly boldy we ir ýetişýän tüwiniň hasylynyň möçberi bolsa artdy. Häzirki wagtda ýurt boýunça güýz we gyş ösümlikleriniň ekişi tamamlanyp, ekin meýdanlarynyň meýdany artdy we indiki ýylyň hasyly üçin berk binýat döredildi.
Pes belentlikde gezelenç, çaý başynda ýygnanyşmak, tokaý konsertleri ýaly oba ýerlerindäki täze hyzmat ugurlary 2025-nji ýylda şäherden gelýän syýahatçylaryň sanyny artdyrdy, oba ýerlerini meşhur dynç alyş nokatlaryna öwürdi. Şol bir wagtyň özünde, täze tehnologiýalary we degişli başarnyklary ornaşdyran daýhan hojalyklaryň sany 20 milliondan geçdi.
"Tehnologiýanyň oba hojalygyndaky önümçiligi goldamakda möhüm ähmiýeti boldy, şäher we oba ýerleriniň goşulyşmagy täze tapgyra geçdi. Ösüş we serişdeleri paýlamak konsepsiýalarynda täze düýpli üýtgeşmeler durmuşa geçirildi. Bularyň hemmesi Hytaýyň döwrebaplaşmagynyň berk binýady boldy." diýip, Hytaýyň Renmin Uniwersitetiniň Milli Azyk Howpsuzlygy Strategiýasynyň Barlagy Institutynyň direktory Çen Guoçýan düşündirýär.
Hytaý 2025-nji ýylda oba hojalygyny pugtalandyrmak, daýhanlaryň bähbidini goramak we oba ýerlerini baýlaşdyrmak boýunça güýçli syýasaty alyp bardy. Däne önümçiligi höweslendirmek maksady bilen, ekin meýdanlaryny gorap saklamak, oba hojalyk tehnikasyny satyn almak, hyzmatlar we ätiýaçlandyryş tölegleri üçin subsidiýalar berildi. Şeýle hem ýokary ülňüli ekin meýdanlaryny döretmek meýilnamasy işe girizilip, şu ýylyň dowamynda 5,3 million gektara golaý meýdany goşmak ýa-da täzeden kämilleşdirmek maksat edildi.
Hytaýyň daýhan hojalyklary däneleriň, ýag alynýan ösümlikleriň we beýleki esasy ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça 702 etrapda degişli işler alyp bardylar. Şu ýylyň dowamynda mekgejöweniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça oňyn netijeler gazanyldy. Her gektardaky ösümligiň sany takmynan 45 müň düýpden 75 müňe çenli ýetirilip, Sinjiýanyň käbir ýerlerinde bolsa 105 müň düýpden hem artdy.
Akylly ekerançylyk hem ýylyň esasy ýoly boldy. Ösümligiň seleksiýasyny we meýdan dolandyrylyşyny maslahat berýän uly maglumatlar binýadynyň ulanylyşy artdy. Şeýle hem ýerlerde galla ýetişýän döwrüne görä tehnikany ugrukdyrýan bulut esasly ulgam işe girizildi. Bu ulgam tehnikanyň işjeň däl durýan wagtyny azaltdy we güýz hasylynyň ýygnalmagynyň bellenen meýilnamadan iki gün öň tamamlanmagyna ýardam berdi.
Şol bir wagtyň özünde oba hojalyk tehnikalary iş ýüzünde amaly häsiýete eýe boldylar. Daglyk sebitlerde oba tehnikalaryny giňden ulanmak üçin ilkinji synag etraplary kesgitlenildi.
Hytaý garyplygyň öňüni almakda hem öňegidişlik gazanandygyny hasabat berdi. Şu ýylyň sentýabr aýyna çenli garyplyga dolanyp gelmek howpy bolup biljek 7 milliondan gowrak adama ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowlandyrmaga ýardam berdildi. Şeýle hem, öňki garyplykda ýaşan 33 milliondan gowrak adamlar iş orunlary bilen üpjün edilip, ýyllyk meýilnamalar artygy bilen ýerine ýetirildi.
Ýurduň oba ýerlerinde syýahatçylyk pudagy ýylyň dowamynda gülläp ösdi. Maksatlaýyn syýahat hyzmatlary we ýöriteleşdirilen azyk hyzmatlary ýerli ilatyň girdejileriniň möhüm çeşmesine öwrüldi. Hökümet agzalary ýurt boýunça 1 597 sany obalary we şäherçeleri “oba ýerlerindäki syýahatçylyk merkezleri” hökmünde kesgitläp, myhmanlary ol ýerlere çekmekde ýardam berdiler.
Mundan başga-da, infrastrukturany kämilleşdirilmek arkaly şäher bilen obanyň arasyndaky tapawut has-da azaldy. Obalaryň 90 göterimden gowragynda 5G hyzmaty elýeterli boldy, oba ýollarynyň uzynlygy 4,64 million kilometre ýetdi. Ýylyň ahyryna çenli turbalar arkaly geçirilen agyz suwunyň elýeterliligi 96 göterime ýetip, dünýäniň merkezleşdirilen iň iri oba suw üpjünçiligi ulgamynyň döredilmegine garaşylýar.
Oba ýerlerinde bilim, saglyk we ýaşululara seretmek babatyndaky hyzmatlar hem saldamly ösüşlere beslendi. 2199-dan gowrak etrapda utgaşdyrylan saglyk ulgamlarynyň tory girizildi we oba ýerlerindäki saglyk öýleriniň 95 göterimden gowragy lukmançylyk ätiýaçlandyrylyş hyzmatlary bilen üpjün edildi.







