Hytaýyň eksporty ýylyň ilkinji 11 aýynda 6.2 göterim ýokarlandy

Hytaýyň daşary söwdasy 2025-nji ýylyň ilkinji 11 aýynda durnukly ösüşi görkezdi. Eksportyň möçberi 24.46 trillion ýuana (3.46 trillion ABŞ dollaryna) ýetip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6.2 % ýokarlandy. Şeýle-de, ýokary tehnologiýaly hem-de ekologiýa taýdan arassa, pes uglerodly önümleriň eksportynda hem aýratyn ösüş gazanyldy.
Shandong Sanju Bioenergy kärhanasy galyndy ýaglary gaýtadan işläp, uglerod zyňyndylaryny 80-85 göterim azaldýan bio-howa ýangyjyny öndürýär. Kärhananyň 2 625 tonnalyk täze önümi ýakynda Niderlandlara ugradyldy. Şu ýylyň aprel aýynda merkezi edaralaryň dördüsiniň girizen “ak sanaw” mehanizmi şeýle ýangyjyň eksportyny has ýeňilleşdirdi we birnäçe ulgam böwetlerini aradan aýyrdy.
Döwlet tarapyndan berilýän goldawlara garamazdan, eksport edijiler eltip gowşurmak möhletiniň gysga bolmagy ýaly kynçylyklara hem duş gelýärler. Gümrük edaralary muňa jogap hökmünde ýangyç önümleriniň portda öňünden saklanylmagyna mümkinçilik berýän ýeňilleşdirilen çäreleri girizdi. Diňe Şandong ilkinji 11 aýda 200 müň tonna golaý ekologiýa taýdan arassa biomassa energiýa önümini eksport edip, geçen ýyla garanyňda 100 göterim töweregi ösüş gazandy.
Hytaýyň söwda ulgamy dünýäde barha güýçlenýän pes-uglerodly talaba uýgunlaşmagy dowam edýär. Eksport edilýän önümleriň sany barha köpelýär, innowasiýadan peýdalanmak bilen ýurduň artykmaçlyklary has-da artýar.
Häzirki wagtda Demirgazyk ýarym şarynda gyşky sport möwsüminiň gyzgalaňly dowam edýän döwründe, Hytaý döwleti Merkezi we Gündogar Ýewropa döwletlerine buzda typylýan köwüşleri we Demirgazyk Amerika ýurtlaryna lyžada gezelenç üçinegin- eşiklerini eksport edýar we ýylyň ikinji ýarymynyň başyndan bäri eksportuň möçberi has artdy.







