Hytaýyň 2026-njy ýylda ykdysady işleriniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlendi

Dekabr 09, 2025 | 18:30 |61
CCTV logo
Çeşme: cctv.com

Hepdäniň duşenbe güni Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosy 2026-njy ýylda ykdysadyýeti ösdürmegiň wezipelerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de kanun esasynda dolandyryş boýunça Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň ýolbaşçylyk etmegine degişli düzgünleri gözden geçirmek maksady bilen ýygnandy. Bu ýygnak Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş sekretary Si Szinpiniň ýolbaşçylyk etmeginde geçirildi.

Ýygnagyň dowamynda 2025-nji ýylyň esasy sosial-ykdysady maksatlaryna ýetmeklige garaşylýandygy bellenildi. Soňky bäş ýylyň dowamynda Hytaý döwleti ykdysadyýetde, tehnologiýada we goranmakda özüniň sarsmaz güýjüni, medeniýetde we diplomatiýada bolsa öz mümkinçiliklerini has-da kuwwatlandyrdy.

2026-njy ýylda täzeçe ösüş pelsepesine, ýokary hilli ösüşi dowam etdirmäge we ösüşi durnuklylyk bilen sazlaşdyrylmaklyga üns berler. Syýasatlar we düzgünler içerki bazarda islegi artdyrmaga, üpjünçiligi gowulandyrmaga we täze hilli önümçilik güýçlerini ösdürmäge gönükdirilen işjeň, geljegi göz öňünde tutýan we sazlaşykly bolmalydyr.

Esasy wezipeler – bitewi bir milli bazaryny gurmak, möhüm ugurlarda döräp biläýjek howplaryň öňüni almak, iş bilen üpjünçilik we bazarlary durnuklaşdyrmak hem-de 2026-njy – 2030-njy ýyllar aralygyny öz içine alýan 15-nji bäş ýyllyk meýilnamasynyň durmuşa geçirilişine şowly bat bermekdir. Ýurduň ykdysadyýetini ösdürmek tagallalary içerki bazardaky islegi, innowasiýa esaslanýan özgertmeleri, ekologiýa taýdan arassa bolan täzeçillikleri hem-de adamlaryň durmuşyny goramagy ileri tutmalydyr.

Şeýle hem ýygnakda Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň merkezleşdirilen, bir bitewi ýolbaşçylygyny goldamak we ähli tagallalarda kanuna esaslanýan dolandyryşy ösdürmek nygtaldy.

Beýleki habarlar