China Beauteville: Hytaýyň gözellik pudagy innowasiýalar arkaly gerimini giňeldýär

Hytaýyň Žesian welaýatyndaky iri gözellik merkezi innowasiýa we ylmy-barlag işlerine uly maýa goýmak arkaly bazardaky gerimini has-da giňeldýär. Gözellik serişdelerini ulanmakda dünýäniň iň uly bazaryna öwrülen Hytaýda häzirki wagtda 20 müňden gowrak kompaniýalar işleýär. Hužou şäherindäki “China Beauteville” kompaniýasy möçberi boýunça ýurduň üç sany iň iri gözellik kompaniýalarynyň biri hökmünde işiniň gerimini giňeltmegi dowam etdirýär.
100-den patenti bolan kompaniýanyň hünärmenleri täze formulalary we enjamlary synagdan geçirýärler. “Biz adaty enjamlaryň tutýan ýeriniň bary-ýogy 25 göterimini eýeleýän, integrirlenen täze önümçilik enjamyny gurnamak üçin patent almaklyga ýüz tutduk” diýip, Shangse Cosmetics kompaniýasynyň tehniki direktory Žang Faming aýtdy.
“China Beauteville” kompaniýasy häzirki güne çenli 300-den gowrak patent döretdi. Olaryň arasynda atyr önümçiligindäki çylşyrymly tehnologik meseläni çözen ultrases alkogol induksiýa tehnologiýasy we köpleriň halan birnäçe çig mallary bar. “Tehnologiýa – biziň esasy güýjümizdir. Şu ýyl satyşda 30-dan 50 göterime çenli ösüşe garaşýarys” diýip, Laima Cosmetics kompaniýasynyň ýolbaşçysy Fang Hangbo belledi.
Häzirki wagtda 300-den gowrak kärhanalar çig mal üpjünçiligi, ylmy-barlag işlerini geçirmek, dizaýn taýýarlamak, önümçilik, gaplama, logistika hem-de barlag-hyzmatlary üçin uly üpjünçilik zynjyryny döredýär. Ýerli häkimiýet kompaniýalaryň üznüksiz üpjünçiligini ýola goýmak maksady bilen 30 sany hyzmatdaşlygy ösdüriş çärelerini gurnady. Bu geçen ýyl bilen deňeşdireniňde 25 göterim ösüşi görkezýär.
Ýokary tehnoligiýaly fabrikalar öňdebaryjy önümçilige bat berýärler. Daisi şäheriinň häkiminiň orunbasary Wu Shuangyň sözlerine görä, China Beauteville kompaniýasynyň öndüren önümleriniň umumy bahasy ilkinji üç çärýekte 7.546 milliard ýuana (1.07 milliard ABŞ dollaryna) ýetip, 7.77 göterim artdy. Ýanwar - oktýabr aralygynda önümler 70 ýurda ugradyldy, eksportyň möçberi 284 million ýuana (40.17 million ABŞ dollaryna) ýetip, 34.59 göterim ýokarlandy.
Ýurt boýunça ýylyň ilkinji 10 aýynda gözellik serişdeleriniň bölek satuwy 381.2 milliard ýuana (53.92 milliard ABŞ dollaryna) ýetdi we 4.6 ösüş görkezdi, oktýabr aýynda söwdanyň möçberi 52.3 milliard ýuana (7.4 milliard ABŞ dollaryna) ýetip, taryhda iň ýokary bir aylyk görkeziji boldy.







