Dünýäniň alymlary innowasiýalara esaslanýan ösüş üçin Tençunda jemlendiler

Dekabr 09, 2025 | 14:35 |173
CCTV logo
Çeşme: cctv.com

Hepdäniň Şenbe güni Hytaýyň gündogar-günbataryndaky Yunnan welaýatynda “Tengçun Alymlar Forumy 2025” öz işine başlady. Forumda dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen ýüzlerçe alymlar, uniwersitet ýolbaşçylary we telekeçiler öňdebaryjy ylmy-barlaglary hem-de ylmyň senagat bilen utgaşdyrylmagyny ara alyp maslahatlaşýarlar.

“Ylym we Emeli Aň dünýäni özgerdýär” ady bilen gurnalan foruma 120-den gowrak alymlar we Hytaýyň hem-de daşary ýurtlaryň meşhur uniwersitetleriniň 70-den gowrak rektorlary gatnaşyp, dürli senagat pudaklarynda Emeli Aňyň mümkinçiliklerini giňeltmekdäki ähmiýeti boýunça pikir alyşdylar.

Üç günlük çäräniň açylyş gününde Hytaýyň ylymlar we tehnologiýalar uniwersitetiniň alymy Pan Jianweýe kwant aragatnaşygy we kwant hasaplamalary boýunça öňdebaryjy üstünlikleri üçin “Tençun Ylym baýragy” gowşuryldy.

Forumda ilkinji gezek 40 ýaşdan pes bolan dokuz sany meşhur ýaş alymlar hem sylaglandy.

Olaryň biri demirgazyk-günbatarda ýerleşýän Şensi welaýatynyň Sian Siaotong uniwersitetiniň professory Su Žanbo bolup durýar. Onuň topary wodorod esasynda işleýän, dünýäde ilkinji uglerodsyz “akylly” energiýa ulgamyny döretdi. Onuň bu üstünligi Hytaýyň “ýaşyl” tehnologiki innowasiýalary öňe sürmek maksatlaryny goldaýar.

“Meniň pikirimçe, maglumat tehnologiýalary senagatyň adaty energiýa pudagy bilen goşulyşmagyny dowam etdirmek bilen, ýüze çykarmak, hasaplamak we dolandyrmak meseleleri bilen bagly käbir tehniki kynçylyklary ýeňip geçmäge ýardam berer, uglerodsyz seýilgähler has giňden döredilip bilner,” diyip, Su belledi.

Çärede tehnologiýalaryň geljekki ösüş ugurlary boyunca taýýarlanan hasabat köpçülige ýetirildi. Onda 2049-njy ýyla çenli dünýäni özgertjek 10 sany esasy ugurlar boýunça çaklamalar beýan edilýär. Hasabatda berilýän maglumatlara görä, emeli aň köp ugurlarda adamzadyň mümkinçiliklerine ýetip biler. Bu bolsa forumda iň köp üns berlen meseleleriň biri boldy.

 “Emeli Aň himiýa we fizika ulgamlarynyň ýokary tehnologik materiallarynda giňden ulanylar. Ýöne bize täze tehnologiýalar gerek. Häzir biz täzeden taslamanyň başyna geçeris, Emeli Aňyň ylymda ulanylmagyna täzeçe çemeleşmäge synanyşarys” diyip, fizika boýunça Nobel baýragynyň eýesi Konstantin Nowosýolow aýtdy.

Yunnan welaýaty Hytaýyň Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa açylýan derwezesidir. Şeýle hem, bu forum halkara hyzmatdaşlygyny, hususan-da goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary ösdürmegi göz öňünde tutýandyr.

“Başarnyklaryň kämilleşdirilmegi, tehnologiýalaryň ösdürilmegi, bilelikdäki yly-barlaglar we işläp taýýarlamalar, bularyň hemmesi, meniň pikirimçe, ýurdumyzda alyp barýan tagallalarymyza, şeýle hem günorta-gündogar aziýa döwletleri, Lansanszýan-Mekong ýurtlary, hususan-da Hytaý bilen hyzmatdaşlygymyza esaslanýar,” diyip, Kambojanyň Senagat, ylym, tehnologiýa we innowasiýalar ministrliginiň döwlet sekretarynyň orunbasary Hul Seínheng düşündirýär.

Beýleki habarlar