Hytaýda ilkinji oňaýly gidrogel bionik sorujy enjamy döredildi

Dekabr 09, 2025 | 14:15 |64
CCTV logo
Çeşme: cctv.com

Hytaý ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky Lanžou himiýa-fizika instituty Hytaýda ilkinji oňaýly gidrogel bionik sorujy enjamyny döretdi. Bu innowasiýa deňiz astynda tutmak we ol ýerde takyk amallary ýerine ýetirmekde möhüm meseleleri çözmek bilen, degişli pudaklaryň döwrebaplaşdyrylmagyna wajyp bolan tehniki goldawy berýändir.

Bu institutyň alymlary örän ýumşaklygy we ýokary çydamlylygy bolan supramolekulýar gidrogel materialyny işläp taýýarlap, inçe tilsimde tutmaklyga çözgüt tapdylar. Alymlar takyk 3D çap etmek önümçiligini ulanmak bilen, aýlawly membranalary we mikro-kanallary öz içine alýan sorujy enjamynyň gurluşyny döretdiler. Sorujy enjamyň işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy dürli materiallardan bolan we islendik görnüşli ýerlere uýgunlaşyp bilýändir. Onuň netijesinde emaý bilen, ykjam ilteşdirip, tutup bolýar.

"Biziň bu pikire gelmegimize suw jandary sekizaýak sebäp boldy. Innowasiýamyzyň esasy bölegi bolan suw jandarynyň elleriniň şekiliniň üýtgetmesini göz öňünde tutup, sorujynyň gurluşyny döretdik. Soruja gurnalan örän kiçi howa kanallary, onuň güýjüni işjeňleşdirýär we örän ýumşak zatlary zeper ýetirmän tutup bilýär" diýip, Lanžou Himiki Fizika Institutynyň alymy Wan Siaolun belledi.

Täze işlenip düzülen gidrogel bionik sorujy enjamy, deňziň çuň ýerlerindäki tebigy baýlyklary gözlemekde, ýokary tehnologiýaly senagat önümçiliginde, takyk lukmançylyk işlerinde we beýleki möhüm ugurlarda giňden ulanylmagyna garaşylýar. Ol adaty tutujy tehnologiýalaryň çylşyrymly şertlerde ýüze çykýan kemçiliklerini aradan aýryp, degişli pudaklarda tehnologik ösüşe we senagatyň ösüşine itergi berip biler.

Beýleki habarlar