Şenžen şäherindäki interaktiw robot sergisi köpçüligi haýran galdyrdy

Hytaýyň Şenžen şäherinde geçirilen interaktiw robot sergisi köpleriň ünsüni özüne çekdi. Bu ýerde görkezilen dürli çäreler robot senagatynyň çalt depginde ösýändigini, şeýle hem robotlaryň ýakyn geljekde hyzmatlar pudagyny düýpli üýtgedip biljekdigini görkezdi.
Şäheriň Longgang etrabynda geçirilen, China Media Group tarapyndan gurnalan giň gerimli robotlar sergisiniň bir bölegi bolan bu çärede adama meňzeş täze we öňdebaryjy robotlar tanyşdyryldy.
Bu ýerde myhmanlar robotlar bilen futbol oýnamak, robotlaryň taýýarlan doňdurmasyny we içgilerini barlap görmek mümkinçilikleri bilen çäklenmän, eýsem tehnologiýalaryň gündelik durmuşymyzy nähili ýeňilleşdirip we baýlaşdyryp biljekdigini öwrendiler.
“Meniň pikirimçe robotlar örän tiz wagtda ýaşaýyş jaýlarymyza ornaşarlar. Olar “akylly” awtoulaglardan soňra täze “akylly” önüme öwrüler, gündelik öý hojalyk işlerini hem-de beýleki ýumuşlary hem ýerine ýetirip bilerler” diýip ýerli ýaşaýjy Žu öz pikirini paýlaşdy.
“Bu ýerdäki robotlaryň ýerine ýetirýän işleri meni haýrana galdyrdy. Meniň pikirimçe bu örän ösen tehnologiýadyr, siz bu işleri ýokary hilli hem-de çalt depginlerde durmuşa geçirýärsiňiz. Men çynym bilen geň galdym” diýip, ispan syýahatçysy Jorj gürrüň berdi.
Çäräniň dowamynda Hytaýyň öňdebaryjy robot öndürýän kompaniýalary öý işlerinde ýardam berýän soňky robot görnüşleri we wajyp tehnologik ýörelgeler bilen tanyşdyrdylar. Myhmanlar bu tehnologiýalara diňe syn etmek bilen çäklenmän, eýsem ylmy-barlag we ösüş bilen meşgullanýan toparlar bilen göni gürrüňdeşlik geçirip, senagatyň soňky ýeten sepgitleri barada giňişleýin maglumat aldylar.
Şenžen şäheriniň Longgang etrabynda eýýäm dünýäde ilkinji “6S” robot dükany öz işine başlady. Bu dükan iýul aýynda açylypdy. Dükany dolandyrýan Shenzhen Future Times Robotics kompaniýasy adaty "satyş, ätiýaç şaýlary, hyzmat we gözleg" amallaryndan başga-da, islege görä kärendesine bermek we talaplara doly laýyk gelýän önümleri taýýarlamak ýaly hyzmatlaryň täze iki görnüşiniň girizilendigini habar berýär.
Şenžen şäheriniň Longgang etrabyndaky robot önümçiliginde işleýan Emeli Aň edarasynyň direktory Žao Bingbing, sebitde robot önümçiligi pudagynyň öňdebaryjy merkezini döretmek göz öňünde tutulýandygyny belledi.
“Biz bu etraby robotlaryň iň köp ulanylýan mekabyba öwürmegi we robot tehnologiýalaryny tutuş ýurt boýunça doly elýeterli etmekligi maksat edinýäris” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.







