“Amazon” kompaniýasy Hytaýda özüniň ilkinji “Dünýä ýaýradyş ammaryny” işe girizer

Dekabr 08, 2025 | 18:35 |125
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


“Amazon” kompaniýasy Hytaýyň Şenžen şäherinde özüniň ilkinji ýokary tehnologiýaly “Dünýä ýaýradyş ammaryny” işe girizer. “Dünýä ýaýradyş ammary” tutumynyň bir bölegi bolan bu desga 2026-njy ýylyň mart aýyndan başlap hytaýly öndürijileriň we satyjylaryň hödürleýän harytlaryny dünýäniň dürli künjeklerindäki satyn alyjylara mümkin bolan gysga wagtyň içinde eltip gowşurmagy maksat edinýär. Ýokary tehnologiýaly bu ammar harytlary saklamak, gümrük gullugynda resmileşdirmek, ugratmak we satyn alyjylara paýlamak hyzmatlaryny ýerine ýetirer hem-de logistika bilen bagly çykdajylary azaldar.

Bu barada hepdäniň penşenbe güni Hytaýyň gündogaryndaky Žesian welaýatynyň Hanžou şäherinde geçirilen 2025-nji ýylyň Amazon Halkara Satuw sammitinde habar berildi. “Amazon” kompaniýasynyň wise-prezident Erik Broussard hytaýly satyjylaryň indi ýöne bir alyp satmak işlerinden innowasiion çemeleşmelere we täze brendleri döretmäge geçýändigini belledi. Hytaýly üpjün edijileriň satuwy 2025-nji ýylyň ilkinji on aýynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda we Ýewropada 15 göterimden gowrak, ösüp barýan bazarlarda bolsa 30 göterimden gowrak ýokarlandy. Ýyllyk görkeziji boýunça satyş söwdasynyň möçberi 10 million ABŞ dollaryndan geçen satyjylaryň sany 30 göterim artdy.

Intellektual oýun enjamlaryny öndürýän kompaniýanyň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, “Gara Anna” güni öz önümleriniň “Amazondaky” satuwynyň örän ýokary bolandygy barada habar berdi. Daşary ýurtlardaky satuw möçberi ýyllyk 400 göterimden gowrak artdy. Käbir Ýewropa ýurtlarynda satyşda gazanylan ösüş 700 göterim görkezdi, Günorta Amerika ýurtlarynda bolsa 500 göterimden geçdi.

Beýleki habarlar